Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi
halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz
ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500
kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň
kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan
ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.
Soňky ýyllarda
Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny düýpgöter
döwrebaplaşdyrmak we berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini
doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary
ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge
mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler
alnyp barylýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň meşhur önüm
öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz
turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary,
paýlaýjy elektrik beketleri bina edilýär we işe girizilýär. Paýtagtymyzyň,
beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenýär.
Ýurdumyzyň elektrik
ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik
energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmek maksady bilen,
Gahryman Arkadagymyz bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň
gerimli taslamanyň başyny başlady. Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat
şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň
energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmelidir. Şonuň netijesinde,
energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini,
elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejerip hem-de
döwrebaplaşdyryp bilerler. Energiýa kuwwatynyň ätiýaçlygynyň artmagy içerki
sarp edijileri elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy bilen
üznüksiz üpjün etmäge, artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda,
goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.
Milli we halkara
ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji
ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary
woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygydyr. Mary — Ahal ugry boýunça
elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň
noýabrynda ulanmaga berildi. Şu gün bolsa ýurdumyzyň energetika halkasynyň
üçünji bölegi Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe
girizilýär.
...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz
Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň
geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
mübärekleýärler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly
kompozisiýasy baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz dabara üçin ýörite taýýarlanan zala barýar. Hormatly
Prezidentimiz täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli
dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, şu gün Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda
hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen,
Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we
elektrik beketleriniň açylyp ulanmaga berilýändigini belledi. Şeýle hem şu gün
Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp
ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany
ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde gowşurarys diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri
elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik
energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp edijilerine
ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki
ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny
halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz belledi. Hormatly Arkadagymyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek
babatda başyny başlan tutumly işleri häzirki döwürde giň gerimde dowam
etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli
amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,
maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny
utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik
stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän
elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we
ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan
elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä
pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň
öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi hem
elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegine uly mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly
üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik
stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa sebitde
gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy
bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
sözüni dowam etdi we Garaşsyz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmelerini döretmek boýunça işleriň geljekde-de giň gerimde dowam etdiriljekdigini
belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny
sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak
maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesiniň öňde goýlandygyna we bu
ugurda netijeli işleriň alnyp barlandygyna ünsi çekdi.
Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu
taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda amala
aşyryldy. Taslamanyň ikinji tapgyry, ýagny Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda
işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu taslamanyň
üçünji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp,
ulanmaga berilýär. Bu tapgyrda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan
«Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy. Ýurdumyzda hereket edýän
energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa
geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.
Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi
halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik
energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden
daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we zähmetsöýer türkmen energiýa gurluşykçylaryna
bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrandyklary üçin tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriň biri
bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açylyp
ulanmaga berilýär. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze gurlan ýaşaýyş
jaýlarynda raýatlarymyzyň oňaýly ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilen.
Geljekde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp
barylýan maksatnamalaýyn işler üstünlikli dowam etdiriler.
Döwlet Baştutanymyz Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma
elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi, şunuň
bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamynyň halkalaýyn
birleşdirilmegi, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi,
döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra uly monitorda elektrik energiýasyny öwürmek we paýlamak üçin
hyzmat edýän elektrik beketleri, şeýle hem Daşoguz we Balkan welaýatlaryny
özara birikdirjek täze howa elektrik geçirijisi bilen tanyşdyrýan ýörite
wideofilm görkezildi.
Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini
çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen
gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Garagumuň
üstünden geçýän bu ugur alnyp barylýan işleriň hiline aýratyn talaplary
bildirdi. Döwletimiziň goldaw bermegi, pudagyň
işgärleriniň işleriniň dogry guralmagy netijesinde, gurluşyk-gurnama amallary
gysga möhletlerde durmuşa geçirildi. Her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan
«Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri, olary birikdirýän ýokary woltly asma
elektrik geçirijisi ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamynyň ahyrky
tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.
Wideofilm tamamlanandan soňra, daşary ýurtly myhmanlara söz berildi.
Olar Türkmenistanyň energetika ministrine enjamlaryň we bitewi halkalaýyn
energoulgamyň gurluşygynda alnyp barlan işleriň ýokary hilini tassyklaýan halkara
güwänamalaryny gowşurdylar.
Ilki bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky
Energetika ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň baş
geňeşçisi, doktor Harald Apel çykyş etdi.
Myhman şu günki şanly waka gatnaşmaga çakylyk üçin çuňňur hoşallygyny
bildirip, Garagum sährasynyň kyn şertlerinde türkmen energogurluşykçylarynyň
şeýle ýokary woltly asma elektrik geçirijisini we beketlerini gurup, ulanyşa
taýýar etmekleriniň bu pudagyň işgärleriniň jogapkärli işleriň hötdesinden
gelip bilýändiklerine, olaryň baý tejribesiniň bardygyna şaýatlyk edýändigini
belledi. Harald Apel halkalaýyn energoulgamy gurmakda ulanylan enjamlaryň
ýokary hilini tassyklaýan güwänamany gowşuryp, hormatly Prezidentimize
Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp
barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Soňra GFR-iň «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Bernd
Reinhold Rosine çykyş etmek üçin söz berildi.
Ol şu günki dabara gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin
hoşallygyny beýan edip, şeýle iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän
Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny aýtdy we
halkalaýyn energoulgamyň inženerçilik işleriniň durnuklylygyny, ýokary
netijeliligini tassyklaýan güwänamany buýsanç bilen gowşurdy.
Soňra söz nobaty GFR-iň «DEKRA» institutynyň sebitleýin direktory hanym
Ýulia Otta berildi.
Myhman Türkmenistana gelip görmek we şu günki dabara gatnaşmak baradaky
çakylyga çuňňur hoşallygyny bildirdi we Garaşsyz Türkmenistanda halkalaýyn
energoulgamyň döredilendigi baradaky ýakymly habaryň Germaniýanyň bu
ylmy-barlag institutynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. «DEKRA» Energetika
hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, dünýäde gurulýan energetika desgalarynda
ulanylýan tehnologiýalaryň hiline aýratyn üns berýär. Ýulia Otto halkalaýyn
energoulgamda gurlan beketleriň ýokary tehnologiýalylygyny we howpsuzlygyny
tassyklaýan güwänamany gowşuryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak
ömür arzuw etdi.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz
mejlisler zalyndan çykyp, bu möhüm waka mynasybetli demirgazyk sebitiň
ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz welaýatynyň
häkimine gowşurdy.
Häkim sowgat berlen döwrebap awtobuslar üçin welaýatyň bagtyýar
ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize
we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň, mähriban
Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw
etdi.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý
bagyny kesýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz güýjenmesi 500 kilowolt
bolan täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň işine badalga beriljek
nokada tarap ugraýar.
Döwlet Baştutanymyz ýolugruna «Daşoguz» elektrik bekedinde gurnalan
döwrebap enjamlary synlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň
elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler
bilen tanyşdy.
Bu ýerde ýaş hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekläp,
ýurdumyzda döredilen bitewi halkalaýyn energoulgamyň işi barada gürrüň berdi.
Elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we pudagyň
işgärleri baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Liderine ýurdumyzyň energetikleriniň
adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Şol bir wagtyň özünde, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Balkan
welaýatynyň Bereket etrabynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly
çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Balkan welaýatyndan ýaş hünärmen sanly ulgam
arkaly döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Balkan — Daşoguz täze elektrik
geçirijisini we bu ugurda gurlan elektrik beketlerini işe girizmäge ak pata
bermegini haýyş edýär.
Ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berlendigi we bu
möhüm taslamany durmuşa geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi
üçin pudagyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk
bildirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda sarp edijileriň energiýa
üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrjak bitewi halkalaýyn energoulgamy
döretmäge mümkinçilik berdi.
Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow düwmä basyp, täze elektrik geçirijisiniň we elektrik
beketleriniň ikisiniň işine badalga berýär. Ekranda olaryň Türkmenistanyň
bitewi energoulgamyna birikdirilýändigi görkezilýär.
Şeýlelikde, elektroenergetika pudagynyň täze, möhüm desgalarynyň —
Balkan — Daşoguz ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi
500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna
öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň
üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen
mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
tdh.gov