Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy.
Desganyň
suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million
kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy
usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna özakymly akyp
gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary
ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desgasyna iberilýär,
zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar.
Bellenilişi
ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy
tehnologiýalar» we «Iň gowy ekologik tejribeler» resminamalarynda kesgitlenen
talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan we barlaghanalarda seljerilen suwuň
düzümi Türkiýäniň standartlaryna, Halkara standartlaşdyrma guramasynyň we
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi
bu suwuň daşky gurşaw we adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär.
Bularyň ählisi degişli Güwänamada öz beýanyny tapdy.
Aşgabat
şäherinde döwrebap «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa
girizilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň täze
taryhynda ýene bir möhüm sahypany açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly
döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna
öwrüldi.
tdh.gov