Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

07.04.2026
20

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

 Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

 Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işine girişildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

 Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi we häkime oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

 Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, möwsümi ýokary hilli, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edýär. Möwsümi ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ýüpek gurçugyny kärendeçilere paýlamak, ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Bütindünýä saglyk gününi dabaraly geçirmäge taýýarlyk görlüşi, döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

 Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

 Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem welaýatda pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurdaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak hem-de paýlanyp berlen ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça ekişinde, bugdaýa ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekinlerden bol hasyl almaga we pudagy durnukly ösdürmäge ýardam berýändigini nygtady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini bellemek bilen, olary yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

tdh.gov


Bulary hem okaň