31.03.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler
sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi
agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň
ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri
dowam edýär. Pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi
kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler
görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da,
gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň
agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de
häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi
bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň
saklanjak ýerlerini taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle hem
häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden ýokary hilli hasyl almagyň esasy
şertleriniň biridigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam
edýän möwsümleýin işlere, hususan-da, gowaça ekişine, bugdaýa, ýazlyk ekinlere
ideg etmek işlerine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan
başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň
ähmiýetine ünsi çekip, häkime sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň
ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bu işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda
gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda bu işler agrotehniki
möhletlerde alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişi dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly, ýokary
hilli geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda
ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça ekişini agrotehniki
möhletlerde, guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini
belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň ak ekin meýdanlarynda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda gowaça
ekişine girişilip, ony guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýüpekçilik pudagyny
ösdürmek, piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýan
wezipelerini üstünlikli amal etmek maksady bilen, welaýatda kärendeçiler bilen
şertnamalar baglaşyldy, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlary möwsüme doly taýýar
edildi. Häzirki wagtda ýüpek gurçugynyň tohumyny kärendeçilere paýlamaga
girişildi. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekişden başlap, ideg etmek işlerine çenli oba
hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý
edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge ýardam
berýändigini belledi we häkime gowaça ekişiniň barşyny, bugdaýa, ýazlyk
ekinlere ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek barada-da tabşyryklary berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda welaýatda gowaça ekişine
guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça
zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle
hem pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň
tohumy bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa hem-de ýazlyk
ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk, ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini üpjün etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny belledi hem-de
bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala
aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän
möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Diýarymyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hormatly
Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda
ýurdumyzda gowaça ekişine girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki
möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly
oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns
berilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg
etmek işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany
üstünlikli ýerine ýetirmek, ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek
maksady bilen, häzirki wagtda pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny we idediljek
jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak
boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin
ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça
ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk gök-bakja
ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek
möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov