27.01.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen
gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary
hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda
tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça
zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny
taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki
ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň
ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz
we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda
oba hojalyk toplumynyň strategik ähmiýetini belledi we welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk
berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly
Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bugdaýa ideg etmek,
hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin
gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gök-bakja önümleriniň öndürilýän
möçberini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, ýeralmanyň we
gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş
jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy
pudaklarynyň biridigini belledi we bol hasyl almak üçin möwsümleýin agrotehniki
çärelerde toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça
öňde goýlan wezipelere laýyklykda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri
dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak
işleri alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Azyklyk
ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek,
olaryň tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan
başga-da, häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek,
ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerine aýawly we rejeli
çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda alnyp barylmagyny
üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň
üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, sürüm,
tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de oba hojalyk işlerinde
ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle
hem ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň
tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da,
gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy
wezipelere ünsi çekdi we welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleri, hususan-da,
bugdaýa ideg etmek, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de
guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň
çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda şu ýylyň hasyly
üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek
ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde
ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Şeýle-de
welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan
işlemek ugrunda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam
edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy
barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy
şertidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün
etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň
düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, tekizleýiş,
geriş, çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýuwuş suwy tutulýar. Pagta öndürijiler
üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ýazky
ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, azyk we dokma senagatyny çig mal bilen bolelin
üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny
belledi we häzirki wagtda pudagyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý
edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam
berýändigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri, hususan-da,
bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işlerini yzygiderli
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi
hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny pugta
berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk
ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov