Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda
sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk
toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly
meselelere garaldy.
Ilki bilen,
Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak işi
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça
tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda
gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak,
suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.
Şeýle-de
häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we
welaýatyň ak ekin, gowaça ekiljek meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň,
gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün
etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş
çekmek işleri alnyp barylýar. Ýazky möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak
tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň
toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak
boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki
möhletlerde tamamlamak maksady bilen, degişli guramaçylyk işleri ýerine
ýetirilýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda,
zeýkeşlerde arassaçylyk işleri geçirilýär.
Şeýle hem
häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny,
şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagtaçylar üçin ýokary hilli
gowaça tohumynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, beýleki ekinleriň ekişine
taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly ulgam
arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň
welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen
dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen,
ýerlerde sürüm işleri doly geçirilip, häzirki wagtda tekizleýiş we ýuwuş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagta öndürijileri welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça
zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekiljek ýerlerinde sürüm işleri tamamlanyp, suw tutmak we bu ekinleriň
tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň
çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda we zeýkeşlerde
arassaçylyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem
häkim hormatly Prezidentimiziň gyşky möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň
we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik
energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýerden bol hasyl almak üçin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmelidigini
belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça
tohumlarynyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň, bu ekinleriň tohumlarynyň
ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzyň gündogar sebitinde alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş,
geriş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ýuwuş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde işlediljek
tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça
zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam
edýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak maksady bilen, olaryň daş-töwereklerinde, suwaryş we şor suw
akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.
Şeýle hem
häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş
jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün
etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde
bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bu ugurda alnyp
barylýan işleriň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda degişli işleriň talabalaýyk
geçirilmegini, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş
möwsümine taýýar edilmegini, gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk
görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş
çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär.
Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we
gurallaryny ýazky möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Ýeralmanyň, soganyň we beýleki azyklyk ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek
we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin olaryň ekilmeli ýerleri,
tohumlary taýýarlanylýar.
Mundan
başga-da, häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gyşky
möwsümde welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy
gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde
saklanylýandygyny habar berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine
laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar
edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny
berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gök-bakja we beýleki azyklyk
ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreleriň
görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek
hakynda” Kararyny ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça
ýerlerde degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçy daýhanlary
ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri
taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we
gurallary abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda
ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirmek we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini
artdyrmak, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly amala aşyrylmagyny, gowaça ekiljek
meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyňdyr
gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly hem-de agrotehniki möhletlerde
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli
maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz
wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de
bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov