Şu gün
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde
ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen,
Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm,
tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak
tehnikalary hem-de gurallary möwsüme taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy
daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin kabul edilip alnan
tohumlyk pagtany pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli
işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiziň ilatymyzy gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda
öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekilmeli ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlanylýar. Mundan
başga-da, häkim ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz
suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
möhümdigini belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg
işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini, gowaça
ekiljek ýerleri, welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli
gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň
depgininiň güýçlendirilmegini, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli
durmuşa geçirmek hem-de azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatda öňde goýan
wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde ýazky möwsümde gowaça ekiljek
ýerlerde sürüm işleri tamamlanyp, häzirki wagtda tekizleýiş, geriş çekmek
işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlary
möwsüme taýýar edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri alnyp barylýar.
Ýeralmanyň we
beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmek maksady bilen, taýýarlyk işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim welaýatda
medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi,
ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün
edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini
belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek
ýerleriň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini, pagta öndürijileriň welaýatyň
toprak-howa şertlerine uýgunlaşan gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini,
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine guramaçylykly taýýarlyk
görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly ulgam
arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek
ýerleri ekişe taýýarlamak üçin sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Şeýle hem
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, sebitiň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak
boýunça çäreler görülýär.
Ýeralmanyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek maksady
bilen, meýdanlary sürmek we tekizlemek, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak
ugrunda degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça
zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän oba hojalyk
işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek
arkaly geçirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary
hilli gowaça tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini, gök-bakja ekinleriniň ýazky
ekişine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň çäklerinde
meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş we
çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak
tehnikalary we gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny
möwsüme taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Ýeralmanyň hem-de
beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinleriň ýazky
ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gyş paslynyň dowam edýändigi
bilen baglylykda, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik
energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi gündelik
gözegçilikde saklanylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny
belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň
depginleriniň güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli gowaça
tohumy bilen üpjün edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş,
geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak ugrunda zerur işler
dowam edýär. Gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary, ýokary hilli
gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Mundan
başga-da, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini
guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Häkim
welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz
suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada-da
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de
bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan işleriň,
pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumynyň taýýarlanylmagyny, gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalyp
alynmagyny, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde
saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerleri sürmek,
tekizlemek, geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy
daýhanlarymyzy ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy
kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de tohumlyk gowaça
çigitlerini taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak babatda degişli işler
ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalary we gurallar möwsüme taýýar edilýär. Ýeralmanyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeleýän oba
hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak,
pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi we gowaça
ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlanylmagyny, bu ugurda
alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagta öndürijileriň
ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine
ýetirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
guramaçylykly taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýetip
gelýän ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň bu jogapkärli möwsümi
guramaçylykly hem-de bökdençsiz geçirmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi
we gowaça ekiljek meýdanlaryň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň,
gurallaryň, her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça
tohumynyň möwsüme doly taýýar edilmegi babatda olara tabşyryklar berdi. Mundan
başga-da, hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň dowam edýändigi bilen
baglylykda, welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz
suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň,
mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov