24.02.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini goşmaça
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş,
geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär.
Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen,
gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň,
gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny
tutmak, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumyny taýýarlamak
babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy
wezipelere ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin
işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta
öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde
tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri we
öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri
gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi hem-de häkime
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça
ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek işleri dowam edip, häzirki wagtda
ýuwuş suwuny tutmaga girişildi. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýar etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Ilaty ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda
öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda azyklyk ekinleriň ekiljek
meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilip, olaryň tohumyny ekişe
taýýarlamak ugrunda degişli işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan
agrotehniki çäreleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklar berildi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda goşmaça
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri
tamamlaýjy tapgyrda barýar, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri
hem utgaşykly dowam etdirilýär. Ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalary doly taýýar edilip, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu
işleri agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan
başga-da, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime welaýatda bugdaýa ideg etmekde
agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegini, gowaçanyň ekiş möwsümine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri guramaçylykly
dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda
tekizleýiş we geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar
etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekişi dowam edýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk,
agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek üçin bar bolan serişdelerden
we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi hem-de häkime
bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta
hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
tekizleýiş, geriş, çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam
etdirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme
taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ilaty ýeralma, gök-bakja, beýleki azyk
önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
welaýatlarda bu ekinleriň ekişi guramaçylykly geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi
diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam
edýän esasy pudaklaryň biri hökmünde oba hojalygynyň möhüm ähmiýetini belledi
we wise-premýere pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, önümçilige sanly
tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin
işleriň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça
ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap
welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda
alnyp barylmagyny, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik
möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk
tehnikalarynyň ýazky ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý
meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini hem-de bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna
aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýeralma, gök-bakja
ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli
geçirilmegini, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumynyň, ekiljek ýerleriniň
möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý we pagta öndürijileri bilen
hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça
hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, sebitlerde gurulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov