20.01.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg etmek, hususan-da,
ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş
çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly
ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek
üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma we
gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň
ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba
hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp
barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş
çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak
tehnikalary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky
ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan
esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň geljekde
ekinlerden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we bu
babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hasabatda
nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
çäklerinde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş,
topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly dowam edýär.
Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme
taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän
azyklyk önümler bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, degişli ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça
işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynyň, oba hojalyk
tehnikalarynyň ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýar edilmegini ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime birnäçe
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýatda bugdaýyň bol hasylyny
ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de ýazky
ekiş möwsüminde, ideg işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak
boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle-de ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek, tekizlemek, bu ekinleriň tohumyny ekiş
möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň, hususan-da,
bugdaýa ideg etmek, ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly
geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, suw tutmak işleri guramaçylykly dowam edýär. Gowaça ekişine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri, pagtaçy
babadaýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde
ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri
bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp,
welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de
tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýetişdirilen gant
şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler
görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde sebitde dowam edýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň
wajyp ähmiýetine ünsi çekdi we ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän oba
hojalyk işlerinde bellenen kadalaryň berjaý edilmeginiň topragyň hasyllylygyny
gorap saklamagyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny nygtap, häkime welaýatda bu
ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde
meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş
möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin
pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça
çigitlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda ýeralmanyň,
gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny, oba hojalyk
tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler
geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm
ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin
pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan
innowasion çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň
zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba
hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek
ýerlerinde sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine
ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik
möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň
möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň
ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz hyzmat ediji edara-kärhanalaryň welaýatlaryň pagta we bugdaý
öndürijileri bilen, Lebap welaýatynda şaly öndürijiler, Mary welaýatynda bolsa
gant şugundyryny öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça
hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.