10.11.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz
ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak babatda zerur çäreler
görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp
barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly
binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz
işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim sebitde
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, topraga aýawly we jogapkärçilikli çemeleşmegiň oba hojalyk
ekinlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime
möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý
edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly,
sebitiň babadaýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny
üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan pagta
hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleri alyp
barýarlar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul
edilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme
taýýarlamak boýunça ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar.
Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň çägindäki bilim,
medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş
ulgamlaryny bökdençsiz işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, welaýatyň babadaýhanlaryny gazanan zähmet üstünlikleri bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen
pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaýa ideg işlerinde
agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek babatda birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimize welaýatyň babadaýhanlarynyň şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz
welaýatyň şalyçy babadaýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlap, olara
işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra häkim welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler
sebitiň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça
zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň
doly güýjünde işledilmegine, ýygnalan hasylyň kabul ediş harmanhanalarynda
bökdençsiz kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Sebitde bugdaý ekişi doly
geçirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Hormatly
Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly
binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek ugrunda
zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý
edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri
berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde
ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär.
Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda
bökdençsiz kabul edilýär. 2026-njy ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady
bilen, meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş
we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine
ýetirilýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş
maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim
welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagat üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak
boýunça degişli işler dowam edýär. Möwsümde ulanylýan kombaýnlaryň, beýleki
tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm
işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny
tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Sebitde
ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda degişli işler
ýerine ýetirilýär. Welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň
we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini
agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmek
barada tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Lebap welaýatynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak,
ony talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar, Mary welaýatynda
bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek
üçin zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylmy
taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, önümçilikde agrotehniki kadalaryň berk
berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi
we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam
edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we
welaýatlarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur
işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly
taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, sürüm işlerini agrotehniki
möhletlerde we talabalaýyk geçirmegi, Lebap welaýatynda şaly hasylynyň, Mary
welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Sebitlerde
pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda
ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde
saklamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iýmiň
taýýarlanylmagyny üpjün etmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça
alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.
Döwlet
Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky
binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerur
çäreleri görmegi, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk
işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz welaýatlarda dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov