Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlaryny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu
jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de
welaýatda pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri
ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk
alnyp barylmagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary
berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine
başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
geçirilýär. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile
öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini
taýýarlamak we kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda
degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehniki kadalaryň
berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we önümiň hilini
kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny
üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi
bilen, 26-njy martda welaýatda gowaça ekişine girişmäge taýýarlyk görülýär.
Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişi dowam edýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly we ýokary hilli
geçirmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryny
berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny
belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitiň ak ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek üçin
zerur çäreler görülýär. Ekiş döwründe işlediljek oba hojalyk tehnikalary
möwsüme doly taýýar edilip, pagta öndürijiler ýokary hilli gowaça tohumy bilen
üpjün edilýär. Ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada
öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda
kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagtda pile kabul ediş bölümlerini
möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin
toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi hem-de möwsümleýin
işleriň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk,
bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gowaça
ekişine guramaçylykly girişmek, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam
edýär. Şeýle-de pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile
öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen
üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler
geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri
gazanmak üçin agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini
belledi we häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala
aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy
babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam
etdirilýär. Diýarymyzda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine
guramaçylykly başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagta öndürijiler üçin gowaça
tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk
ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle-de pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine
ýetirmek, ýurdumyzyň ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady
bilen, häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak, pile
öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehniki kadalaryň
berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga, önümiň hilini ýokarlandyrmaga,
pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belledi we
wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda şu
ýylyň 26-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça dabaraly çärelere gowy
taýýarlyk görmegi, bugdaýly meýdanlary ikinji gezek mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk
geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlaryň we zyýan
berijileriň garşysyna göreşmek boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini
çaltlandyryp, bu ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara
laýyk alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta we bugdaý
öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen
işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, pile öndürmek
möwsümine gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu
ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.