Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri
tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny
guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan
başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetini belledi we bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz
wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna
ünsi çekip, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak
barada tabşyryklary berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we talabalaýyk geçirmek üçin
ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma
we gök-bakja ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýazky bag ekiş möwsümine
taýýarlyk işleriniň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny
taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda alnyp
barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk
görmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň
zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça
ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri
guramaçylykly dowam edýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary
taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi alnyp
barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky
tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde ýazky bag ekmek möwsüminde baglaryň
ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine
ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
jogapkärli möwsümiň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine
ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak barada öňde
goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp
barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda goşmaça mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek
meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak üçin zerur
çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny
tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekiş möwsüminde ekiljek
nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edilip, häzirki wagtda olaryň ekiljek
ýerlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly,
öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu
babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, ekerançylyk ýerleriniň daş-töweregini
arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine girişmek, meýdanlary ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekiljek
meýdanlarda geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ýeterlik mukdary taýýar
edilip, talabalaýyk saklanylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda
gögeriş suwy tutulýar, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaý zolaklaryny
döretmek barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bag ekmek
möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmek üçin
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda
dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň oba hojalyk
ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi we häkime
degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde
welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanýan gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan şu günler bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary
hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň
öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün
etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen,
ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek
işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, wise-premýer ýazky bag ekmek
möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň, oba hojalygyny
netijeli alyp barmagyň, bu ugurda ýokary görkezijileri gazanmagyň aýrylmaz
şerti bolup durýandygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk
meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ýene-de
bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde
geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde
saklamagy, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş
suwuny tutup, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, pagta
öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün
etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlaryň
bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki
kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja
ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, agrotehniki möhletlerde alnyp barlyşyna berk
gözegçilik etmek, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň
wagtynda geçirilmegini gazanmak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek
möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, welaýatlarda degişli
taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň wagtynda we ýokary
hilli ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov.