Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini
artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde möwsümleýin
işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, ony talabalaýyk
geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de ýokary hilli gowaça tohumyny
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň,
gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda
geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän
taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde
guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň
biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny
ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, ýazlyk
ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen wagtda tamamlamak üçin zerur çäreler
görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda
geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň berjaý edilmeginiň ýokary
hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny
üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine
laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler dowam
etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin sebitiň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary
taýýarlanyldy. Welaýatda soganyň ekişine hem girişildi. Şeýle-de häkim Halkara
zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk
görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm
ähmiýetini nygtady we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş,
çil, geriş çekmek işleri geçirilip, ýuwuş suwuny tutmak çäresi tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Sebitiň ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek
dabaralara taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekerançylyk
meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, tagt suwuny tutmak, pagta öndürijiler
üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk
ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny we tohumyny ekiş möwsümine
talabalaýyk taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim
ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda
meýilleşdirilen dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan
işler, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we
guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda,
ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda welaýatda
alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam
edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, önüm öndürijiler üçin ýokary
hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler
görülýär. Halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin
üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň
ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök
ekinleriň ekişini geçirmek işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda
ösdürmek, ekinlerden bol hasyl almak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin
toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gowaça
ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk we ýuwuş
suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, pagta
öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek
üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek,
ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýazlyk
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginini güýçlendirmek, pagta we
bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine
ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, Halkara
zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmek
babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara ünsi çekip, şu ýyl
welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov