Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we
Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere
garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak
ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri dowam edýär.
Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatyň toprak-howa şertlerine
laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak
gurallary möwsüme taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme
taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek we ýerleri
ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň
zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow
welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda
möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş
we geriş çekmek işleri tamamlanyp, häzirki wagtda pagta öndürijiler üçin ýokary
hilli gowaça tohumyny, ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine
taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň
tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem
häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna”
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu
babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew
welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri
guramaçylykly dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň
toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak
boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda olaryň ekiljek
meýdanlaryny, tohumlaryny ýaz möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygyny hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi
we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş
möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, çil, geriş çekmek,
ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli
gowaça tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde
goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýazlyk
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýar edilip, häzirki wagtda
olaryň tohumlaryny hem-de degişli tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin
zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý
meýdanlaryndaky ideg işleriniň, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy hem tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu jogapkärli möwsümi
guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de
olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär.
Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gaýtadan işlemek
boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk
görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny
belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol
hasylyny ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady
bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş,
geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, olary ekiş möwsümine
çenli talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja
önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur
alnyp, häzirki wagtda welaýatlarda bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, olaryň
tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegine aýratyn üns bermegiň, bu işlere gatnaşýan ähli
düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş,
çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işlerini agrotehniki möhletlerde
geçirmegiň, daýhan birleşikleridir hojalyklary bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň, daýhan birleşikleri bilen kärendeçileriň arasynda gowaça
ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaryň wagtynda baglaşylmagyny üpjün etmegiň
möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişine
çenli pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin degişli
işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki
kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we olar üçin ýerleri talabalaýyk
taýýarlamagy, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini
üpjün etmegi, Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň
hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen
işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek
tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov