Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde
alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa
söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda
tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler üçin
ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary
we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýazlyk
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny
möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň
daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.
Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba
hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk
görülmeginiň möhümdigini belledi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow
welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri
geçirilýär. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen
üpjün etmek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak
boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň
öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
welaýatda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny ekiş möwsümine
taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň
melioratiw ýagdaýyny, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler
görülýär. Şeýle hem häkim gyş möwsüminde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş
jaýlarynyň, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik maksatly binalaryň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, agyz suwy,
tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek
meýdanlary ekişe taýýarlamak üçin alnyp barylýan işleriň çäklerinde topragy
fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny
tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy daýhanlary welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky
ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak hem-de möwsüme
taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy
ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri bilen
bolelin üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda
bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda
arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çägindäki
ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny
talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda häkime birnäçe
tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil
çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen
birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu
ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlarynyň
daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine
ýetirilýär. Şeýle-de häkim häzirki günlerde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş
jaýlarynyň we jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk
işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg
hem-de ýazky ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň
möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary
ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Hususan-da,
tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsümine çenli pagta
öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, oba hojalyk
tehnikalaryny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak
barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň
tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem
welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak, ýygnalan hasyly gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň
çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş
jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary
hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew
ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň
gowaça hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde
meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri
geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek
hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça
degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we ministre häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi
çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizleýiş, çil, geriş çekmek,
ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş
möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek
üçin ähli zerur işleri geçirmegi, tehnikalary, gurallary ýaz ekişine
talabalaýyk taýýarlamak babatda degişli işleri alyp barmagy, bugdaý
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant
şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýeralma, gök-bakja ekinleriniň
ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek, welaýatlarda pagta we bugdaý
öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen
işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk
tabşyryklar berildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynyň
daş-töwereginde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň yzygiderli
geçirilmegini, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş
maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov