Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Myhman
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet
Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putiniň, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli
salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny
ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan
dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz myhmany mübärekläp, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň
ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de
döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine
esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, Russiýa bilen köpugurly görnüşde,
abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz RF-niň Tatarystan Respublikasynyň
paýtagtynda geçirilen XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini we ähmiýetini
belläp, onuň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolandygyny aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň
Aşgabada şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky yzygiderli hökümetara
dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, onuň türkmen kärdeşleri bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen gepleşikleriniň netijeli
geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň
dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada
gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk
ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli
ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy dialog yzygiderli
pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň
sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Söwda-ykdysady ulgam
türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Köp ýyllardan bäri
Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir.
Bilelikdäki hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.
Ynsanperwer
ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda bilim,
ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar aýratyn
orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly
hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy. Ol ýurtlarymyzyň uzak
möhletleýin gyzyklanmalaryna we döwletara gatnaşyklaryň strategiýasyna gabat
gelýär.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk birek-birege iň
gowy arzuwlaryny beýan edip, umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-rus
hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze
many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
tdh.gov