08.11.2025
Şu gün ýurdumyzda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek
dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga
öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň
iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologik abadançylygy ýörelgelerine
ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Ählihalk bag ekmek dabarasy
diňe bir ekologik çäre bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga
ýardam berýän wajyp medeni-durmuş wakasydyr. Ol adamlarda, aýratyn-da, ýaş nesillerde
tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini
kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri
giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň
möhüm ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge, türkmen
topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle yzygiderli
tagallalaryň netijesinde paýtagtymyzyň we Diýarymyzyň beýleki şäherleriniň
daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen gurşalýar.
...Dabara gatnaşyjylaryň
hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine —
paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy
mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn
öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz dabara
gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere
bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna
badalga bermegini haýyş etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren däp-dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisi
hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler.
Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp
ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik
berer.
Türkmenistan döwlet syýasatyna
durnukly ösüş ýörelgelerini işjeň ornaşdyryp, daşky gurşawy goramaga, tebigy
serişdelerden rejeli peýdalanmaga, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly
täsirleri peseltmäge gönükdirilen giň möçberli ekologiýa başlangyçlaryny
durmuşa geçirýär. Howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda BMG we beýleki iri
halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm
wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler
Guramasynyň daşky gurşaw boýunça Konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan
Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara
bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda
BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça
sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň
sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň
işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik
abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar.
...Çäräniň dowamynda hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň alyp
barýan işleri bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän
ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň amatly we durnukly daşky gurşawy
döretmäge gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça
amala aşyrylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi
abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz sebitiň iň ýaşyl we ekologik taýdan
arassa şäherleriniň biri bolan Aşgabat üçin bag ekmek çäreleriniň möhüm
ähmiýete eýedigini aýdyp, wise-premýere paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça ýerine ýetirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk
maksatnamasynda hem ekologik meselä möhüm ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy döretmek
boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi
tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baş şäherimizi
ösdürmek boýunça alyp barýan özgertmeler maksatnamasynyň üstünliklere
beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly,
Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan
meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler
Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly
başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp
bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir,
halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetiniň ýokary baha mynasyp
bolýandygynyň güwäsidir.
Diňe bir durmuş-ykdysady
ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion
çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly meýdança hökmünde täze Arkadag
şäherini mysal getirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu taslama türkmen halkynyň
Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa
geçirilýär. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat
ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik
ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar.
Şäherleriň we beýleki ilatly
ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny,
howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Sähra giňişliklerinde bag
nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden, tozanly ýellerden goraýar. Şeýle
hem gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde, umuman, amatly howa
gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Milli
tokaý maksatnamasy tokaý hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine
uýgunlaşmak ulgamynda döwlet syýasatyny kesgitleýän esasy resminama bolup
durýar. Maksatnama tokaýlary durnukly dolandyrmaga, olary gorap saklamaga, ekologik
we ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamany
durmuşa geçirmegiň çäklerinde tebigy tokaýlary gorap saklamak we emeli tokaý
zolaklaryny döretmek, ekoulgamlaryň, tokaýlaryň howanyň üýtgemegine garşy
durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem
maksatnama ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerini we tebigy
ekoulgamynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, birnäçe beýleki anyk çäreleri
göz öňünde tutýar.
Milli tokaý maksatnamasy
Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýasyndaky wezipeler bilen
berk baglanyşykly bolup, ekologik meseleleri toplumlaýyn çözmäge
gönükdirilendir. Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamany durmuşa geçirmegiň möhüm
bölegi bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, tokaýlary durnukly dolandyrmak ulgamynda
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), ekoulgamlaryň durnuklylygyny
ýokarlandyrmak babatda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, daşky gurşawy goramak we
biodürlüligi gorap saklamak meselelerinde bolsa BMG-niň Daşky gurşaw boýunça
maksatnamasy (ÝUNEP) bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Umuman, halkara
hyzmatdaşlyk bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge, sebitleýin ylmy-amaly
merkezleri döretmäge, tokaýlary döretmek we gaýtadan dikeltmek ulgamlarynda
täze usullary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
...Şu günki dabara
gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we
jebisligini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere
hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň
häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu gün
Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar
bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi
seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde
wajyp ähmiýete eýedir.
Bag ekmek dabarasy
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä
gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Tutuş ýurdumyz boýunça
geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly
ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak,
abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp baga ideg
etmek işleri geçirildi. Şeýlelikde, bu gezekki köpçülikleýin bag ekmek dabarasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologik
abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, Durnukly ösüş maksatlaryny
gazanmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň beýany
boldy.
tdh.gov