2023-nji
ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz
Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde geçirilen
mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus
Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir
Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý
Lebedew hem gatnaşdylar.
Prezident Sadyr Žaparow belent mertebeli myhmanlary gyrgyz topragynda mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak babatda ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda şu duşuşygyň GDA-nyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýandygyny belläp, döwletleriň Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gatnaşýar. Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürýän tekliplerimiz Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine degişlidir.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyç Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan edildi.Türkmenistanyň Prezidenti bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň üçüsini bellemek bilen, olaryň birinjisi hökmünde gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini kesgitledi.
Strategiýanyň ikinji ugry syýasy hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr. Munuň özi, diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.
Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almaklyk wajyp hasaplanýar.
Şeýle hem türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň giňişliginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi, şondan soňra 2024-nji ýylda halkara maslahaty guramagy teklip etdi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokarda agzalan başlangyjyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyna ynam bildirdi.
Bitaraplyk we onuň bilen bagly meseleler boýunça seljeriş barlaglaryny geçirmek üçin netijeli meýdança boljak Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylanda, biziň ýurtlarymyzyň bähbitleriniň laýyk geljekdigine ynam bildirmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň munuň üçin Aşgabatda zerur bolan ähli infrastrukturany we şertleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça Maslahaty/Dialogy döretmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýar. Sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriň, çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny maslahatyň esasy maksady hasaplanýar. Türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda maslahatyň birinji mejlisiniň işine gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk - Günorta we Gündogar - Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi-Gara deňiz we Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklar, ozalkysy ýaly, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm we birleşdiriji şerti bolmagynda galýar. Ylym-bilim, syýahatçylyk, sport ulgamlarynda uly tejribe topladyk. Medeni alyşmalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem wajyp ugur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklady.
Sammitiň barşynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy.
Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
mfa.gov.tm