Düýn Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç»
formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary
derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine
ugrady.
Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet
Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň
ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek
dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň
plenar mejlisine gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda
Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde esaslandyryldy we şondan bäri
geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. Guramanyň ady oňa
gatnaşyjy ilkinji bäş ýurduň — Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de
2011-nji ýylda bu gurama goşulan Günorta Afrika Respublikasyň atlarynyň ilkinji
harplaryny aňladýar. Soňra gurama doly hukukly agza hökmünde Müsür Arap
Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran Yslam Respublikasy, Efiopiýa
Federatiw Demokratik Respublikasy goşuldy. Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki
hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we
ylalaşyklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki
ýurtlary üçin guramanyň özüne çekijiligini artdyrýar.
Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan
gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, «BRICS goşmak» formaty döredildi. Bu format
häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup
durýar. Durnukly ösüşe, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet
berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän
ýokary derejedäki sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Adalatly ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda, guramada Russiýanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän XVI BRICS sammitine gatnaşyjylary hem-de hormatly myhmanlary mähirli mübärekläp, öz netijeliligini görkezen «BRICS goşmak»/«autriç» formatynyň gurama agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlara açyk dialog üçin mümkinçilik berýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Şolaryň hatarynda GDA ýurtlarynyň, Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy döwletleriniň Liderleri, şeýle hem BRICS bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
bildirilen myhmansöýerlik üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir
Putine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň «BRICS goşmak»/«autriç»
formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi we şeýle
wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ýurdumyza goýulýan hormatyň
nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara
jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň
bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen
tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny
parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit
howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog,
ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly
ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin
Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir hem-de häzirki ýagdaýlarda
Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri örän zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady
we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde
anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti we netijeliligi bellenildi. Bu merkeziň
ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.
Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan
halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine
geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy
we bu babatda ýurdumyzyň BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş edendigini,
hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň
parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy
hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we
durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş
Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň
degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň
gatnaşmagyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara
strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp
meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine
ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan
aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa
elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge
esaslanýar. Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, hormatly
Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag
ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly
ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Durnukly
ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we
durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada barýar.
Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller
barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan
şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola
goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edilýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun
bermäge ukyplydyrlar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ekologiýa
hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde
bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw,
suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz
ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we
raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris. Şeýle
hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi
berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň,
däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli
esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu
gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarydyr
teklipleri beýan etmäge döredilen mümkinçilik, netijeli işlemäge döredilen
şertler üçin guramaçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Wladimir Putin çuň mazmunly çykyşy
üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyzyň durup geçen köp sanly meseleleriniň, Bitarap Türkmenistanyň öňe
sürýän oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygyny belledi.
Soňra sammitiň dowamynda BMG-niň Baş sekretary
Antoniu Guterriş çykyş edip, halkara meseleleri çözmekde köptaraplylygy
goldaýandygyny aýtdy hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin
tagallalary birleşdirmäge çagyrdy. BRICS-iň çäklerinde möhüm ugurlar hem-de
köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmagyň meseleleri barada pikir alyşmalaryň
dowamynda oňa gatnaşyjylar deňhukuklylyga, ynanyşmaga, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri doly açmak babatda täze gurallary
işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan
şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden
Watanymyza ugrady.
Üç sagatlyk uçuşy amala aşyryp, döwlet
Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly
Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Ýygnananlar Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.
***
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde
bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň hormatyna ýaş ildeşlerimize
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndysy sowgat berildi. Bu kitap beýik söz
ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edildi. Ýygnananlar
gymmatly sowgat üçin hoşallyk bildirip, hemişe parahatçylyga, dostluga we
ylalaşyga çagyran dana Pyragynyň döredijilik hem filosofik mirasynyň ähmiýetini
aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu ýörelgeler Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň hem
esasyny düzýär.
Talyplar Gahryman Arkadagymyza we hormatly
Prezidentimize türkmen ýaşlary barada edýän ýadawsyz aladalary, olaryň
sazlaşykly ösmegi babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza peýda getirmek üçin ýokary
bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.
tdh.gov