Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy
boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79
ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag
kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň
Prezidenti mähirli garşylady.
Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli
myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň
geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.
...Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri 79 ýyl wagt geçdi.
Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar
boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy kesildi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä
ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli
zarba uruldy. Şondan soňky geçen döwür uzaklarda galan gahrymançylykly ýyllaryň
şol wakalaryny halk hakydasyndan öçürmän, esgerleriň söweş meýdanlarynda
görkezen gaýduwsyzlygyny hem-de batyrlygyny, tylda zähmet çekenleriň
edermenligini has aýdyň açyp görkezýär, faşizmiň we nasizmiň derbi-dagyn
edilmeginiň dünýä taryhyndaky ähmiýetine has doly göz ýetirmäge mümkinçilik
berýär.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de
zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw
jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular.
Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň
ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Parahatçylyk we asudalyk, abadan
durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny,
edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny
görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly we gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň
taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Muňa şu maglumatlar hem şaýatlyk edýär: uruş
meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler.
Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada
mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň
atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet
Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.
Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza, halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp
nusgasydyr. 1943-nji ýylda fronta meýletin gitmek bilen, ol 2-nji ukrain
frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda gaýduwsyz
söweşipdir. Agyr ýaralanandygy zerarly uruşdan gaýdyp gelenden soňra,
mugallymçylyk bilen meşgullanypdyr. Türkmen halkynyň şöhratly oglunyň SSSR-iň
Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Ukazy bilen,
“Hormat nyşany” ordeni hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň 2018-nji ýylyň
iýunynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öz
esgerlik borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy gaýduwsyzlygy, batyrlygy,
edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi
üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.
2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli
Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk
polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi, bu baýdak astynda Berdimuhamet Annaýew
batyrgaý söweşipdir. Esgerleriň gaýduwsyzlygynyň we deňsiz-taýsyz
edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Berdimuhamet Annaýewe
gowşurylan “Edermenligi üçin” diýen medal “Halk hakydasy” ýadygärlikler
toplumyna hemişelik saklamak üçin berildi. Häzirki wagtda bu beýik ynsanyň hem-de
halypa mugallymyň, frontçy esgeriň şöhratly durmuş we zähmet ýoly ýaş nesiller
üçin watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyna
öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda
Berdimuhamet Annaýewiň agtygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp,
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam
etdirilýän ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär.
...Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar
durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýram
tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ençeme onýyllyklaryň geçendigine
garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä
halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem hakydasynda ýaşaýar. Ýeňişden soň
geçen 79 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň
kalplarymyzda saklanýar.
Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen
ýatlamak, olaryň şan-şöhrata beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa bilen garamak
halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanly esgerleriň görkezen
gahrymançylygyna çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň
Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda frontda wepat bolan esgerleriň atlaryny
ebedileşdiren “Hatyra” kitaby hem-de ýeňiş bilen öýlerine gaýdyp gelen
esgerleriň atlarynyň sanawy getirilen “Şöhrat” kitaby neşir edildi. Häzirki
wagtda uly durmuş ýoluny geçen hem-de dünýä halklarynyň erkinligi, garaşsyzlygy
ugrunda söweşen, tylda tutanýerli zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyran ýaşuly
nesillerimiz hormat-sarpa bilen gurşalýar. Ýöne gynansak-da, olaryň hatary
ýyl-ýyldan azalýar...
Türkmenistanda uruş we zähmet weteranlarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Her ýyl
1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni mynasybetli uruş
weteranlaryna, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda
gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Olar üçin köp sanly durmuş ýeňillikleri
göz öňünde tutulandyr. Frontçy esgerler, tylda zähmet çeken weteranlar gymmatly
öwüt-ündewleri, parasatly maslahatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirliginiň
pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda
terbiýelenilmegine uly goşant goşýarlar. Ýaşuly nesiller ýaşlary ata Watana
wepaly bolmaga, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly
ýörelgelere ygrarlylyga çagyrýarlar.
2010-njy ýylyň 9-njy maýynda Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy
baýram edilende, Gyzyl meýdandan Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň esgerleri bilen
bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllarda egin-egne berip söweşen halklaryň wekilleri
— harby gullukçylary hem geçdiler. Şonda şol ýörişe Türkmenistanyň Aýratyn
hormat garawuly batalýonynyň esgerleri-de gatnaşdylar.
Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara
gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow
bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.
Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri
2009-njy ýylyň noýabrynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen
topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat
durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk
urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl
gülleri goýýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly
ýöriş bilen geçýärler.
Bu baýram biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr.
Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy
jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek
bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz
gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan
edýäris. Milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri baradaky ýatlamalar biziň
kalplarymyzda hemişelik ýaşar, doganlyk halklary has-da jebisleşdirer hem-de
döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.
Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline gelip,
bu ýerden Aşgabada ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi
ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.