Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Leonardo S.p.A.» italýan
kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.
Işewür wagt
tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň
oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa
geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny,
taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary
ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa Respublikasynyň
Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen
baglylykda, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup
durýandygyny belledi. Özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda
guralýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň
ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen
ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge
ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasat ugruny
durmuşa geçirýän Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle
hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň
ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri
nygtaldy. Italiýanyň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy, durnukly
ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy munuň aýdyň
beýanydyr.
Hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň
we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda
we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli
gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi
bellenildi. Soňky ýyllarda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň
oňyn tejribesi toplandy.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan
edildi. Munuň üçin ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna
öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen
toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilen uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem
duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine
garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan «Leonardo S.p.A.»
kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Işewür
döwlet Baştutanymyza hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça geçirilen
netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň
öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli
çemeleşjekdiklerini nygtady.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Leonardo S.p.A.»
kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan
kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik
esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
tdh.gov