Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini
we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi.
Myhmanlar döwlet Baştutanymyza wagt tapyp
kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, HTF-niň we ATF-niň
Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma
bildirýändiklerini tassykladylar. Ýurdumyzda sporty höweslendirmäge we
goldamaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge aýratyn
üns berilýär.
Jenap Dewid Haggerti Türkmenistanda bu
ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli
mübärekläp, HTF-niň güwänamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we
muňa Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn
ulgamy döretmäge, uzak geljege gönükdirilen syýasatyň halkara derejede ykrar
edilmegi hökmünde baha berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, HTF-niň
we ATF-niň ýolbaşçylarynyň şu saparyna ýurdumyzyň tennis taryhynda möhüm waka
hökmünde garalýar. Myhmanlaryň Aşgabatda bolýan wagtynda Türkmenistanyň Tennis
federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň tennis
ulgamlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikler dörediler. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz saparyň netijeleriniň Halkara tennis
federasiýasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine we
Türkmenistanda tennis sportuny wagyz etmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň tennis
görnüşi uly ösüşe eýe boldy, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha
artýar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýyldan bäri Halkara tennis
federasiýasynyň (HTF), 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýanyň tennis
federasiýasynyň (ATF) agzasy bolup durýar. Türkmen tälimçileri üçin okuw
maslahatlaryny guramakda özara hyzmatdaşlyk edilýär. Halkara çagalar we
ýetginjekler ýaryşlary geçirilýär. Bu bolsa zehinli türgenleri ýüze çykarmaga,
olara bu ugurda ýörite ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Geçen ýyl
Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda 12 ýaşa çenli ýetginjek
oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toparlaýyn
ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi muňa anyk mysaldyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň sport giňişliginde,
hususan-da, Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň
çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat
edinýär. Şeýle-de HTF-niň hem-de ATF-niň ýurdumyzda we bütin dünýäde tennis
sportuny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky başlangyçlaryny, tekliplerini
goldamaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen,
Türkmenistanyň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny,
ýygnanyşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini
öwrenmegi teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar dostlukly gatnaşyklary hem-de özara
düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýän sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.