Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň
direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.
Myhman
wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip,
Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda halkara giňişlikde gazanýan
üstünlikleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol ak mermerli Aşgabadyň gözel
keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden
tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we
halkara media agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda
Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen
ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn
tejribesine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek
ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň
maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýratyn belläp
geçdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baý milli medeni mirasy we taryhy
ýadygärlikleri bar. Türkmenistan dünýäniň iň gadymy medeni merkezleriniň biri
bolup, häzirki wagtda syýahatçylyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz
diňe bir taryhy ýadygärliklere däl, eýsem, tebigy gözelliklere hem baýdyr.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köpetdagyň dag etekleri, Garagum sährasy
syýahatçylyk babatda uly artykmaçlyklara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan
barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl biz
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçeris
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň
12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna
çagyrdy hem-de onuň halkara foruma gatnaşmagynyň çäräniň üstünlikli geçmegine
uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň
çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar
barada-da pikir alşyldy.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň
geljekde-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge
taýýardygyny tassyklap, Pedro Wargas Dawide jogapkärli işinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov