2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze
bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza
we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň
mähirli salamyny ýetirdi.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary
ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurduň doly
ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe
Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar bolsa uzak
möhletleýin strategik häsiýete eýedir.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we
türkiýeli diplomat ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe
hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola
goýulýandygyny, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri,
aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini
kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýe
Respublikasyna bolan resmi saparyny we onuň çäklerinde gepleşikleriň, işewürlik
maslahatynyň geçirilendigi we birnäçe wajyp resminamalara gol çekilendigini
bellenildi.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýurtlarymyzyň
arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda
ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň
bardygyna hem-de hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk
ynanýaryn diýip aýtdy.
mfa.gov