2023-nji ýylyň 17-nji noýabryndaTürkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we
infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk
bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap
Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny,
iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin
hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine mähirli salamyny
we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň netijeli türkmen-emirlikler
hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda uzak möhletlilik, özara
bähbitlilik häsiýetine eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda türkmen-emirlikler
gatnaşyklarynyň dost-doganlygyň berk esaslaryna, özara hormat goýmak, ynanyşmak
ýörelgelerine daýanyp, barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Türkmenistan we BAE Birleşen Milletler Guramasynyň
hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip,
halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara
özara goldaw berýärler.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady,
maliýe, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika pudagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň
öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe
toplandy.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurtdaky
hyzmatdaşlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika
taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunda türkmen tarapynyň BAE-niň işewür
düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir alyşmaga, olaryň anyk tekliplerine
garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
mfa.gov