Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Işewür wagt tapyp
kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny
ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs
ýürekden hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty
bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge
çalyşýandyklaryny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz
myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň
özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn
mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň
geçirilmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen
özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň
ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda
amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, “Boeing”, “General
Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri kompaniýalaryň
Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny
aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşiniň
türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn orny
bellenildi. Geňeş iki ýurduň ykdysady guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola
goýmak, pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek üçin netijeli gurala öwrüldi. ABŞ-nyň
iri kompaniýalary türkmen bazarynyň strategik taýdan wajyp pudaklarynda
üstünlikli işleýärler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma
bildirýän amerikan işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly,
ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalary hem-de özgertmeler, telekeçiler
üçin döredilen amatly şertler nazara alnanda, netijeli hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler bar. Şunda nebitgaz, elektroenergetika,
gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary, obasenagat
toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy geljegi uly ugurlarynyň hatarynda
görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini
goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny
belledi.
Işewür bildirilen ynam we many-mazmunly
söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň
işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga
we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga
çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow we “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine
ýetiriji direktory Erik Stýuart birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip,
köpýyllyk oňyn tejribä daýanýan ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda okgunly
ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
tdh.gov