2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza
ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat
hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin
Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny
ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan
Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we
Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen
gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi
ýaly, Malaýziýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy
hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek ýörelgeleri
esasynda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlyk häzirki wagtda täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Malaýziýanyň
arasynda dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini we syýasy taýdan
özara ynanyşmagyň yzygiderli berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp,
Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň birek-birege
goldaw bermek, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek tejribesine ýokary baha berdi.
Türkmen-malaý
gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda özara
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek. Nebitgaz
pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi.
Malaýziýanyň
«PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda
üstünlikli iş alyp barýandygy we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge
saldamly goşant goşýandygy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň
mysaly hökmünde görkezildi. Kompaniýa köp ýyllardan bäri uglewodorod çig malyny
gazyp almak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem nebitgaz pudagy
üçin ýokary derejeli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk
edýär.
Umumy
pikire görä, medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup
durýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaý dialogynyň
mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam
bildirdi.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Mohd Suhaimi bin
Ahmad Tajuddin hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen
myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, özara bähbitlere doly laýyk gelýän
netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary
etjekdigine ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Biziň
ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
ösdürmek maksady bilen, jenap Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin Malaýziýanyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Jenap Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddiniň ukyp-başarnyklary, yhlasy özüniň möhüm
wezipe borçlaryny Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza, özüne bildirilen ynama
mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda,
onuň biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Türkmenistana
abadançylyk, gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymyzy ýetirende, oňa
doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.
Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Sizi öz penasynda aman
saklasyn!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Al-Sultan
Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa,
Malaýziýanyň Ýokary Baştutany.
tdh.gov