Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan
Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat
wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize
hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň
mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp
bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi
bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen
gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasyndaky dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy
we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de
ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň
umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini,
onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny
kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly
abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda,
sebit mehanizmleriniň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygynyň we “Merkezi Aziýa +” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde
tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygy aýdyldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp
maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Energetika, ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen,
hormatly Prezidentimiz we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly
gorlarynyň, geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary
durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
möhümdigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl
ýurdumyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýakynda Aşgabatda
açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak kompozitory
we sazandasy Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda yzygiderli guralýan
bilelikdäki döredijilik forumlarynyň bu ulgamda gatnaşyklaryň işjeň
ösdürilýändiginiň aýdyň görkezijisidigine üns çekildi. Hususan-da, şu ýylyň 25
— 27-nji iýunynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli
geçirilendigi, 4-nji iýulda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana şäherine saparynyň
çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly
ýagdaýda açylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň
arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşylýandygynyň aýdyň
mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanasynyň ýolbaşçysy Nurlan Nogaýew duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de
işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek
hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak syýasatyna eýerip, şeýle hem Gazagystan Respublikasy bilen
Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Nurlan
Nogaýewi Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Siziň Alyhezretiňizden
ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Gazagystan
Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş
edýärin.
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti.
tdh.gov