Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda
täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini
kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat
duşuşmaga döredilen mümkinçilik we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi
üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny
we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky
arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly
Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň
döwlet ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem ilçini
jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, işlerinde üstünlik
arzuw etdi.
Nygtalyşy
ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen gatnaşyklarda däp bolan taryhy we medeni
köklere uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna
esaslanýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty özara bähbitli halkara hem-de
sebit hyzmatdaşlygyny, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy ýurtlar bilen umumy
abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli
guraly bolup durýar.
Söhbetdeşligiň
barşynda birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, iki halkyň ruhy-ahlak
umumylygynyň, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk
binýadynda gurulýan köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi
kanagatlanma bilen bellenildi.
Işjeň
we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de
Eýranyň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji
nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi. Şeýle hem
Eýranyň ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda
galýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda
deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň
döwletara ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi.
Söhbetdeşler
özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap,
ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmaga, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge
taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.
Binýadynda
iki halkyň taryhy-medeni umumylygy we ruhy ýörelgeleri duran medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bilelikdäki
medeni çäreler, hususan-da, Medeniýet günleri, dürli sergilerdir beýlekiler
döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly itergi berýär.
EYR-nyň
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani däp bolan
dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan
täze, ýokary derejä çykarmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we diplomat soňky
ýyllarda täze mazmuna hem-de ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
*
* *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Eýranyň
we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dostlukly
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, ýokary
şahsy häsiýetlere eýe bolan jenap Ali Mojtaba Ruzbehani Eýran Yslam
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
wezipesine bellenildi. Siziň Alyhezretiňiziň üns bermegiňiz netijesinde, onuň
işine goldaw beriljekdigine hem-de onuň aýtjak zatlarynyň Eýran Yslam
Respublikasynyň hoşniýetli arzuwlary we maksatlary hökmünde kabul ediljekdigine
ynanýaryn.
Siziň
Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin we eýran hem-de türkmen
halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny Gudraty
Güýçli Allatagaladan dileýärin.
Seýed Ebrahim Raisi,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
tdh.gov