Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň
çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar.
Şu
gün forumyň öňüsyrasynda, döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyny
esaslandyryjy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň mawzoleýi
(Anytkabir) we «Türkmenistan» seýilgähinde türkmen edebiýatynyň görnükli
nusgawy wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň
heýkeli gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.
Döwlet
Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara
binasynda geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda, şu
duşuşykda hem netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýyklygy
barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi
berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere
seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.
tdh.gov