Şu gün
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň
Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky
28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.
Birnäçe
wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Dubaýdaky Şeýh Maktum adyndaky
Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap
Emirlikleriniň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Ministrler
Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini,
şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş
adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini
nygtady.
«Türkmenistan
wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini
görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «COP28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň
aýdyň beýanydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
tdh.gov