Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Oraza baýramy bilen gutlady. «Türkmenistan» gazetiniň dünki sanynda çap edilen Gutlagda şeýle diýilýär:
«Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklara aralaşýan Oraza baýramynyň baý öwüşginli dabaralarynyň eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, watansöýüjilik duýgusyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimizi hem-de gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan baýramlarymyzy many-mazmun taýdan has-da döwrebaplaşdyryp, uludan toýlaýarys. Oraza baýramy-da sahawatlylygyň hem hoşniýetliligiň gadymy baýramydyr. Beýik Biribaryň barlygyna we birligine uýýan, watansöýüjiligi, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi, halallygy hem-de päkligi mukaddes ýörelgä öwren halkymyzyň keremli Oraza aýyna hem-de haýyr-sahawatly Gadyr gijesine hormaty ebedidir. Şoňa görä-de, her bir güni şan-şöhratly wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Oraza aýynda agyz beklendi, tarawa namazlary okaldy, öten-geçenlerimiz ýatlanylyp, agzaçar sadakalary berildi.
Döwürleri we nesilleri aýrylmaz baglanyşdyrýan Oraza baýramynyň döredijilige, rowaçlyga, beýik üstünliklere ruhlandyrýan milli öwüşgindäki dabaralary ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygymyzy, milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar».