Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy
metjidinde sadaka berildi.
Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen
umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna
eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky
teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy.
Türkmenbaşynyň
ruhy metjidiniň ýanyndaky kümmetiň öňünde hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly
hajy Serdarymyz mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige
gül dessesini goýdular.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurdumyzyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri,
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga
okady.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly
geçirilendigini belledi. Munuň özi milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny
görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzy
hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda dünýä döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyň
alnyp barylýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz doly ygtyýarly wekillere
şeýle möhüm çärelere yzygiderli gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ilçiler, öz gezeginde, düýnki berilen sadakanyň Allanyň dergähinde kabul
bolmagyny dilediler hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy
Serdarymyz kümmetiň aşaky gatyna düşdüler. Bu ýerde müfti Türkmenistanyň
ilkinji Prezidentini hem-de onuň ýakynlaryny hatyralap aýat-doga okap, ýagşy
dilegleri etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet
Baştutanymyz kümmetden çykyp, Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardylar. Gahryman
Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýolugruna abatlaýyş-abadanlaşdyryş
işleri geçirilen metjidiň binagärlik aýratynlyklaryny we onuň ýanaşyk
ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synladylar.
Birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna
niýetlenen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Arkadagly hajy Serdarymyzyň
tagallalary bilen amala aşyryldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam
etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň
içki timarlaýyş işlerinde-de gymmat bahaly gurluşyk we bezeg serişdeleri
peýdalanylypdyr.
Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan
aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilen
metjitde adamlaryň namaz okamagyna döredilen amatly şertler üçin ähli dindarlaryň
adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly
hajy Serdarymyz ähli öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadaka gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka
gatnaşýanlara ýüzlenip, şu gün Gypjak metjit toplumynda sadaka berilýändigini
aýtdy hem-de «Agzybire Taňry biýr...» diýlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini belläp, onda Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen
il-ýurt bähbitli işleri giňden beýan edendigini, öňümizde durýan möhüm
wezipeleri kesgitländigini nygtady. Şeýle hem berkarar döwletimizi mundan
beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli Permanlara gol
çekildi. Gol çekilen Permanlaryň biri-de 2025-nji — Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylyny ýokary derejede geçirmek bilen baglydyr. Bu bizi aýratyn
begendirýär, guwandyrýar. Syýasy ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli
durmuşa geçirmekde badalga bolup durýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürmegi esasynda degişli
Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bize uly jogapkärli wezipäni ýükleýär
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam
edip, bu gün öten-geçenlerimizi, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti merhum Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlap, sadaka berilýändigini belledi. Halkymyzyň
mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, «Ölüsini sylan beg bolar» diýlişi ýaly, biz
şu gün türkmeniň gadymy däp-dessurlaryny berjaý edýäris. Bularyň hemmesi
sogaply, parz işler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan
öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini,
halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny
Beýik Biribardan dileg edýäris diýip, hajy Arkadagymyz nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini
haýyş etdi.
Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan
aýat-dogalary okap, tebärek çykdy. Şunda özygtyýarly döwletimiziň geljekde-de
gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe agzybir bolmagy, öňde goýlan belent maksatlara
ýetilmegi, Watanymyzyň erkinligi we Garaşsyzlygy ugrunda şehit bolanlar,
Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy hem käbesi, hormatly Prezidentimiziň
atasy we enesi Mälikguly aga hem-de Ogulabat eje ýatlanylyp, olaryň ýatan
ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşýanlara nahar çekilip,
türkmen milli naharlaryndan datly tagamlar hödürlenildi. Duz-tagam dadylandan
soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsiniň aýat-töwir edip bermegini
sorady.
Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir edip,
ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy
Serdarymyzyň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny,
beýik Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň geljekde has-da pugtalanmagyny, Watanymyzyň
abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen
asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka
gatnaşyjylara ýüzlenip: “Bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işini etdik.
Öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik. Berlen sadakalar, edilen
doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz asuda, mukaddes ojaklar abadan, saçaklar
rysgal-bereketli bolsun!” diýip dileg etdi.
Sadaka bermek ýaly asylly we mukaddes dessuryň
berjaý edilmegi tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli
hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
tdh.gov