Düýn
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli
senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden
bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň
güwäsi bolup durýar.
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky
hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş
hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli
meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman
Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň
netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler
döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk
diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr.
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar,
taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp,
ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar
gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe
we sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň
ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy olaryň
ähmiýetini has-da artdyrýar.
Sport bilen bagly meseleler ýurdumyzyň
hemişe üns merkezinde saklanylýar. Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň iň gözel
ýerleriniň birine öwrüldi. Onuň çäginde ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň
ençemesi bolup, olarda iri halkara ýaryşlaryň birnäçesi üstünlikli geçirildi.
Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty
boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä
çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem-de 12 ýaşa
çenli ýaş türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny
görkezmek bolar.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak
üçin Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda hem ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Bu ýerde sportuň
suwdaky görnüşlerini ösdürmek üçinem ähli zerur şertler bar. Şunuň bilen
baglylykda, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing
boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyrynyň geçirilendigini bellemek
gerek. Türkmenistan şol ýaryşlar arkaly ilkinji gezek ýelkenli sport boýunça
halkara bäsleşiklere gatnaşdy.
Soňky döwürde ýurdumyzda sportuň gyşky
görnüşleri ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. 15 — 20-nji aprelde Aşgabatda
hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Oňa döwlet
Baştutanymyzyň degişli Karary esasynda taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Umuman, häzirki döwürde Türkmenistan
türgenleşikleri geçirmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, sport
ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sebit we dünýä
derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem mümkinçiliklere
eýedir. Döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türgenlerimiz ajaýyp
üstünlikleri gazanýarlar. Ýurdumyzyň sportdaky üstünlikleriniň hatarynda köp
sanly baýraklary, şol sanda 2021-nji ýylda Tokio şäherinde XXXII tomusky
Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen
ýaryşlarda gazanylan kümüş medaly görkezmek bolar. Bularyň ählisi dünýäniň
sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň belende göterilmegine, Bitarap Türkmenistanyň
parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary
pugtalandyrmak maksady bilen, sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa
geçirmek boýunça başlangyçlarynyň ilerledilmegine ýardam berýär.
...Irden welosipedli ýörişiň badalga alýan
ýeri bolan Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän
«Welosiped» binasynyň ýanyna sport çäresine gatnaşyjylar ýygnandylar. Şolaryň
hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň,
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň, Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary bar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan
köpçülikleýin welosipedli ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň
ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem
gatnaşýarlar. Ýygnananlaryň arasynda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň
ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan we
umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde
terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary
aýdym-sazly, tansly çykyşlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýärler.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin
welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň giň we
ajaýyp şaýollary bilen sazlaşykly herekete başladylar.
Mälim bolşy ýaly, welosiped ulagyň ekologik
taýdan iň arassa görnüşidir. Şonuň üçin-de hereket etmegiň, gezelenç etmegiň,
sport bilen meşgullanmagyň serişdesi hökmünde welosipedi saýlap almak bilen,
adam diňe bir öz saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawy
aýawly saklamaga hem goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kabul
edilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ekologik abadançylyk bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny
bellemek gerek. Bu möhüm şert bilen baglylykda, yzygiderli geçirilýän
welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri terbiýeçilik häsiýetine hem
eýedir.
Toplumlaýyn we ylmy esasda tebigaty goramak
strategiýasyny durmuşa geçirýän ýurdumyz dünýäniň ekologik ýagdaýynyň
gowulandyrylmagyna goşant goşmak bilen, derwaýys ählumumy wezipeleriň
çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş
edýär. Bu ugurda, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň
başlangyçlary halkara giňişlikde giň goldawa mynasyp bolýar. Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul
edilen Kararnamalar munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna
goşulmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky başlangyç Türkmenistanyň
möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli
çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde
geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
beýan eden başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň
resminamasy hökmünde guramanyň resmi dilleriniň altysynda çap edilip ýaýradyldy.
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata
aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini
kemala getiripdir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň
netijesinde paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi giňelýär.
Döredilýän seýilgähler, seýilbaglar, tokaý zolaklary ýerli howa ýagdaýyna oňyn
täsirini ýetirýär. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda
ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky
bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. 16-njy martda guralan
asylly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şol gün ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň,
üzüm nahallarynyň müňlerçesi oturdyldy.
...Döwlet Baştutanymyzyň başyny çekýän
welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweni öz ýoluny dowam etdirýär. Ýazyň ir
säheriniň jana ýakymly arassa howasy, Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp
ýerleri, Aşgabadyň haýran galdyrýan görnüşleri gözüňi dokundyryp, ruhuňy
göterýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda ýaýbaňlandyrylan
döredijilik toparlarynyň we türgenleriň görkezme çykyşlary baýramçylygyň
şowhunyny has-da artdyrýar.
Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly
Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlan asylly däpleri dowam etdirýän
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde
ildeşlerimize görelde bolýar.
Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli
meşgullanmak saglygy dikeltmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň ajaýyp
serişdesidir. Bu ugurda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG)
we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýeri
gelende bellesek, Bütindünýä saglyk gününiň döredilmegi BSGG-niň taryhy bilen
aýrylmaz baglanyşyklydyr. Guramanyň Tertipnamasy 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde
güýje girdi. Ýurdumyz möhüm ählumumy meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşmak
bilen, BSGG-niň çäginde halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda yzygiderli
çäreleri durmuşa geçirýär.
Welosiped sporty barada aýdylanda, ol tutuş
dünýäde giňden ýaýrandyr we örän meşhurdyr. Mälim bolşy ýaly, 1896-njy ýylda
sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Türkmenistanda welosportuň taryhy XIX asyryň ahyrlaryndan, ýagny 1894-nji ýylda
Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilen gününden gözbaş alýar.
Bu jemgyýet eýýäm şol döwürde uly gyzyklanma döredýän welosipedli ýaryşlary
gurapdyr we sportuň bu görnüşiniň meşhur bolmagyna öz oňyn täsirini ýetiripdir.
Şondan bäri 130 ýyl geçdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä
derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman sport
desgalary bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde halkara ölçeglere laýyk
gelýän üsti ýapyk welotrek toplumy ýerleşýär. Bu ýerde «Aziada — 2017-niň»
maksatnamasyna girizilen welosiped sürmek boýunça ýaryşlar geçirildi.
Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Welosiped
sporty bilen meşgullanmagyň çagalary we ýaşlary aýratyn özüne çekýändigini
bellemelidiris. Ýaş türgenler sport çärelerine hemişe ruhubelentlik bilen
gatnaşýarlar. Şu gezekki çärä hem Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde we
Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň
talyplary gatnaşdylar.
Welosiped sportunyň we welosipedli gezelenç
etmegiň ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Welosport bilen meşgullanmak özüňi oňat
duýmagyň kadaly derejesini üpjün edýär. Sebäbi welosiped ekologik bähbitler
bilen bir hatarda, bedeni taplamagyň hem özboluşly türgenleşik serişdesi
hasaplanýar. Onda gezelenç etmek immuniteti ýokarlandyrmagyň, dürli keselleri
bejermegiň, şol bir wagtda beden myşsalaryny berkitmegiň netijeli şertidir. Ol bedeniň
hereket ediş, dem alyş ulgamlary üçin ajaýyp türgenleşikdir. Onuň netijesinde
bedeni kislorod bilen iýmitlendirmegiň derejesi ýokarlanýar. Mundan başga-da,
welosiped sürülýärkä edilýän kadaly hereket we dem alyş fiziki dartgynlylygy
aradan aýyrmagyň iň gowy usulydyr. Ylmy barlaglar welosiped sürlendäki kadaly
beden hereketiniň ukynyň hilini gowulandyrýandygyny, aňyň pikirlenişini
ýokarlandyrýandygyny, ynsan bedeniniň garramagynyň derejesini peseldýändigini
görkezdi.
Hemme ýaşdaky adamlar üçin elýeterli, ony
dolandyrmagyň ygtybarly we aňsat bolmagy welosipediň esasy aýratynlygydyr.
Welosiped sporty, welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç
almak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Ol ýylyň islendik möwsüminde arassa
howada wagtyňy hoş geçirmäge şert döredýär. Eger-de welosipedli gezelenjiň ugry
tebigatyň gözel ýerleriniň içinden geçse, onda adamyň özüni duýşy has-da
gowulanýar.
Welosipediň çagalar we ýaşlar üçin peýdasy
uludyr. Welosiped sürmek sazlaşykly hereket etmegi, deňagramlylygy saklamagy
öwrenmäge ýardam berýär. Her bir gezelençden soňra, çaga özüni has başarjaň,
ynamly duýup başlaýar. Bu onuň sport endiklerinde we häsiýetinde-de oňyn
şöhlelenýär. Welosipedli gezelençler bil oňurgalaryny berkidýär, bedeni dik
saklamaga kömek edýär. Welosipedde gezelenç etmek ünsüňi bir ýere jemlemäge
ýardam edip, göz myşsalaryny türgenleşdirýär. Şeýle hem ol sanly tehnologiýalar
asyrynda kompýuteriň başynda wagtyny köp geçirýän okuwçylar we talyplar üçin
aýratyn möhümdir. Welosipedli gezelençler nerw ulgamyna oňyn täsirini ýetirip,
okuw işlerini aňsat ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Umuman, bularyň ählisi
ýaş nesliň saglygyna, aň-paýhas işjeňligine oňyn täsir edýär.
Häzirki döwürde welosiped dürli ýerlere
gitmek, şol sanda işe we öýe gidip gelmek üçin amatly ulag serişdesi
hökmünde-de giňden peýdalanylýar. Munuň özi işe başlamazdan öňinçä iň gowy
beden maşky bolup durýar. Bu gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň
arasynda welosipedli syýahat etmegiň meşhurlygy barha artýar. Işjeň dynç alşyň bu
görnüşi gyzykly syýahatlara çykmaga, täze-täze duýgulary başdan geçirmäge,
dünýägaraýşy giňeltmäge, tebigat gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik
döredýär.
...Bellenen ugra görä, welosipedçileriň
kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň şaýollary bilen dowam etdirdi. Gaýtalanmajak
binagärlik sazlaşygy bilen tapawutlanýan Aşgabat sebitiň we dünýäniň iň gözel,
ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biridir. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary, şol
sanda paýtagtymyzyň özi ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa ildeşlerimizde buýsanç
duýgusyny döredýär.
Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, Aşgabady
mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, ekologik
abadançylygyny üpjün etmek, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak,
hususan-da, täze seýilgähleri, seýilbaglary hem-de beýleki ýaşyl zolaklary
döretmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bular barada
aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň hemmetaraplaýyn amatly
ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermegiň
zerurdygyny nygtady.
Ýaz paslynyň gülleýän keşbine beslenen
seýilgähler we seýilbaglar ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegidir. «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda paýtagtymyzyň günorta
künjeginde beýik türkmen şahyrynyň adyny göterýän täze medeni-seýilgäh toplumy
açylar. Şu mynasybetli geçiriljek dabaralar döredijilik mirasy dünýäniň medeni
hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanar.
...Ir säherden Aşgabatda hemmelere
şatlyk-şowhun eçilýän ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar
ony Bitarap Türkmenistan we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde
tamamladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sport-sagaldyş çäresine gatnaşyjylara berk jan saglyk, üstünlikleri arzuw edip,
hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, düýn
guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirligini, jebisligini,
umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly döredijilikli syýasatynyň netijesinde
sagdyn durmuş ýörelgeleri we sport ösüşlere tarap ynamly öňe barýan
jemgyýetimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
***
Düýn Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli
ýörişler Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem guraldy.
«Tegelek stol» maslahatlary, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli
görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat,
bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi. Bu çäreler bilim alýan
ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemledi. Bu ajaýyp
baýrama bagyşlanyp, teleradio gepleşikleri taýýarlanyldy, köpçülikleýin habar
beriş serişdelerinde makalalar çap edildi.
Halkymyzyň rowaçlygyny we bagtyýar durmuşyny maksat edinýän
öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirip, Türkmenistan daşary
döwletler we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly
sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport diplomatiýasyny ilerletmäge, parahatçylygy,
abadançylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi gazanmaga
mynasyp goşant goşýar.
tdh.gov