09.04.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň
çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak
dabarasyna gatnaşdy. Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline gelende, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Gahryman
Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Oba milli maksatnamasynda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan işleriň çäklerinde
ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup
ulanmaga berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulýan täze,
döwrebap şäherçe hem munuň bir mysalydyr.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň çar künjeginde
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň milli
ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň aýdyň görkezijisidigini bellemek gerek. Hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň
netijesinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlarynyň, obadyr şäherçeleriň
gurluşyklary dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda alnyp barylýar.
Diýarymyzyň
dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalardyr şäherçeler halkymyzyň bagtyýar
durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.
Olaryň taslamalary işlenip düzülende ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde
tutulýar, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, wagtyny gyzykly
geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynyň,
umumybilim berýän mekdepleriň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurulmagyna
hem-de enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan
işler oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bir hatarda,
müňlerçe iş orunlaryny döretmäge-de goşant goşýar.
...Biraz
wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip
gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Soňra Arkadagly
Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlaryna tomaşa etdi. Aýdym-sazly çykyşdan soňra, döwlet Baştutanymyz dikuçarda
täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara
gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, halk köpçüligi bar.
Ýurdumyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra
hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerinde ýörite gurnalan mejlisler
zalyna baryp, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap
şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara
gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ata Watanymyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, täze,
döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň, senagat desgalarynyň, önümçilik
kärhanalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy hem-de Mary
welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň
gurluşygyna badalga bermek dabarasy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden
gutlady.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary
esasynda ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup
durýar. Raýatlary häzirki zaman, amatly we elýeterli ýaşaýyş jaýy bilen üpjün
etmek durmuş-ykdysady syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy»
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň ähli
welaýatlarynda täze obalaryň, şäherçeleriň gurluşygy yzygiderli dowam edýär.
“Täze, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň gurulmagy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Bu işleriň ählisi «Watan diňe
halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň
iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär” diýip, hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Geçen
ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly
zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk
şäherçesiniň açylmagy halkymyz üçin uly sowgat boldy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda hem raýatlarymyz üçin iň amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek,
ýurdumyzyň sebitlerini abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny nygtady.
Bu
düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede-de ähli amatly şertler dörediler.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe
800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede
jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina
ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem
bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk
merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede
döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder. “Şeýlelikde, ýene-de az
wagtdan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan
täze şäherçe bina ediler. Täze şäherçäniň gurulmagy ýurdumyzda bagtyýar
halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tutumly işleriň rowaçlanýandygyny ýene-de bir
gezek aýdyň görkezer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Mary welaýatynyň
hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde
kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň
yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini, ýakyn günlerde bolsa möhüm ähmiýetli
taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga
beriljekdigini belledi.
“Biz
geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary
gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli
dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň,
ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün
etmekden ybaratdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Mary welaýatynyň
Ýolöten etrabynda döwrebap, täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen
hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
bu ýerde täze guruljak döwrebap şäherçe barada giňişleýin maglumat berýän
wideoşekiller görkezildi. Soňra Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hoşallyk sözleri
bilen çykyş etdiler.
Ilki
bilen, etrabyň ýaşaýjysy A.Saparowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Şa
gadamynyň düşen ýeriniň gül-gülzarlyga, bereket çeşmesine öwrülýändigini, täze
taryhy eýýamda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny
belläp, täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berýändigi üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi
ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde
Watanymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap obalar, şäherçeler gurlup ulanmaga
berilýär. A.Saparow ähli amatlyklary bolan müňlerçe ýaşaýyş jaýyny, çagalar
baglaryny we mekdepleri özünde jemlejek döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga
berilmeginiň munuň aýdyň beýanydygyny nygtap, hormatly Prezidentimize hem-de
Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly
başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
etrabyň ýaşaýjysy P.Jumaýewa hormatly Prezidentimizi hem-de dabara
gatnaşyjylary mübärekläp, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän
tagallalary, zenanlara dürli ugurlarda zähmet çekmäge, ýaş nesilleri terbiýeläp
ýetişdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan etdi. P.Jumaýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35
ýyllyk baýramy giňden bellenilýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany” ýylynda gurluşygyna badalga berilýän täze, döwrebap
şäherçäniň Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly
Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň
beýanydygyny aýtdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza berk
jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Ýaş
nesliň wekili A.Aidow hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň
bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli
mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyp, Ýolöten etrabynda täze, döwrebap
şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň hem halkymyzyň abadan durmuşy baradaky
aladanyň aýdyň güwäsidigini belledi. A.Aidow halkymyzyň bagtyýar durmuşyny
üpjün etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hem-de
Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak
ömür, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Çykyşlar
tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça täze
desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi. Soňra
döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy ýygnananlaryň şowhunly
el çarpyşmalary astynda täze şäherçäniň binýadyna atdy. Hormatly Prezidentimiz
döwrebap şäherçäniň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy hem-de halkymyzyň asylly
däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň
göreldesine eýerip, il sylagly ýaşulular hem desganyň düýbüne beton garyndysyny
atdylar.
Soňra
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy.
Dabara
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp,
dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza
ugrady.
Biraz
wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip
gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
garşyladylar.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary halkymyzyň
abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan netijeli
işleriň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
***
Düýn
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap
şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.