Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri bu ýerde şanly seneler mynasybetli dürli at çapyşyklary geçirilip gelinýär. Munuň özi halkymyzyň geçmiş taryhyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr.
Türkmen topragynda kemala getirilip,
umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryndan orun alan ahalteke bedewleri Ýer
ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň
ýeten belent sepgitleriniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda
we tutuş dünýäde ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, milli seýisçilik
sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. «Galkynyş»
milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk
sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite
baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ajaýyp
netijesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny
üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň
atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol
sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda
yzygiderli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen
Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
döredilmegi-de munuň bir mysalydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy
üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda,
Arkadag şäherinde «Taýçanak» binasynyň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň
“Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewlere goýulýan
hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny
gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine
uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek,
gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli
gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy
ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy
Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun
degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama
dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, bedewlere sarpa
goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň
mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe
alyşmaga mümkinçilik berýär.
Bedewler ynsan saglygyny
berkitmäge hem ýardam edýär. Ylymdan mälim bolşy ýaly, dürli keselleriň
dikeldiş bejergisinde, köplenç, tebigy şertler, şol sanda ippoterapiýa —
bedewiň tebigy güýjüni ulanmak arkaly bejergi hem ulanylýar. Bu bejergi
ýürek-gan damar ulgamynyň, daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, nerw ulgamynyň
kesellerini bejermekde peýdalydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary
bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi bolsa milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan
bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.
...Ir bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde
ýerleşýän Aşgabat atçylyk sport toplumynda köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy
emele geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky
diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri jemlendiler. Ýygnananlar
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen
garşylaýarlar.
Toplumyň girelgesinden esasy münber binasyna
çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň
welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Sergide suratkeşleriň,
heýkeltaraşlaryň, zergärleriň we nakgaşlaryň ahalteke bedewleriniň gözelligini
şekillendirýän işleri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri ýerleşdirilipdir.
Olarda, hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat hem heýkeltaraşlyk
eserlerine aýratyn orun berilýär. Suratkeşler olaryň gözelligini, duýgur
nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen şöhlelendiripdirler. Şeýle-de bu ýerde
gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplaryny görmek bolýar. Olar türkmen senetçileriniň,
zergärleriniň ussatlygyny görkezýän hakyky sungat eserleridir. Gözelligi,
ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti,
bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly
zähmet çekipdirler. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi —
biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar,
sapa-da” atly kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna medeniýet we sungat ussatlarynyň
aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlar dabara türkmen toýlaryna
mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Döwlet
Baştutanymyz esasy münber binasyna bardy. Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna
badalga berilýändigi yglan edildi.
Ahalteke atlarynyň sazlaşykly çapuwy olaryň
toýnaklary ýere degmän, göýä, uçup barýan ýaly duýgyny döredýär. Olaryň
keşbinde deňi-taýy bolmadyk gözellik, çydamlylyk, güýç-gaýrat, joşgunly we
buýsançly gylyk-häsiýet, haýran galdyryjy wepalylyk sazlaşýar. Şu gün dürli
aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.
1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji
çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli
Babadaş atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy
geçmek üçin 1 minut 51,3 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli
çapyksuwar M.Agamyradow. 1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa
Aşgabat şäher häkimligine degişli Gelejek atly gara at öňdeligi eýeledi. Ol bu
aralyk üçin 1 minut 51,7 sekunt sarp etdi. Gelejegiň çapyksuwary ussat
çapyksuwar Ö.Ýalkabow. Baýramçylygyň şanyna geçirilen üçünji çapyşykda hem
atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň
Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at pellehana ilkinji bolup
geldi. Onuň çapyksuwary D.Atdaýew. Hazyna bellenilen aralygy geçmek üçin 1
minut 50 sekunt sarp etdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy
mynasybetli geçirilen dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr
aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly dor at
pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1 minut 48,2 sekunda deň
boldy. Dowamatyň çapyksuwary B.Babaýew.
Bäşinji çapyşykda-da dört we uly ýaşar atlar 1
müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine
degişli Garaýel atly gara at 1 minut 48,7 sekuntda pellehanadan ilkinji bolup
geçdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar R.Seýidow. Altynjy çapyşykda dört we
uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý
hojalygy” döwlet kärhanasyna degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy
başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 33 sekunt sarp
etdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen at
çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga
ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji
bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 34,5 sekunt
sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra
ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Olar döwlet Baştutanymyza we Gahryman
Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn alada
edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer
ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar.
Aşgabat atçylyk sport
toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu günki dabaralar Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen
okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşany boldy.
tdh.gov