Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky
ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň
ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutanymyzyň
gatnaşmagynda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge
ukyply bolan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Ine, bu
gün bolsa biz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze kuwwatly önümçiligiň
nobatdaky tapgyryny işe girizmek dabarasynyň şaýatlary bolýarys.
Bu zawodyň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan köp sanly
gurluşyklarda peýdalanylar. 2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody
Merkezi Aziýa sebitinde şunuň ýaly kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup
durýar.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň iri kärhanasy Köpetdagyň belent
gerişleriniň eteginde ägirt uly senagat düzümlerini we önümçilik desgalaryny
özünde jemleýän tutuş toplumdyr. Bu ýerde sementiň uly isleg bildirilýän
görnüşleri öndürilip gelinýär. Zawodyň önümi täze taryhy eýýamda ýurdumyzda
giňden alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary depginini üpjün edýär.
Senagat toplumynyň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna
laýyklykda, «Beýik-Bina» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.
Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge önümçilik işini
meýilnamalaşdyrmak we dünýäniň sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak
boýunça hyzmatlary hödürleýän Germaniýanyň «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik
kompaniýasy çekildi.
Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary
bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň
PS-400, PS-500, PS-600 görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi
öndürmäge mümkinçilik berýär.
Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologiýa
taýdan arassalygyna we ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns
berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň
gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biri bolup durýar.
tdh.gov