Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr.
Şu gün ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyraladylar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Gurban bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenlerini goýdy.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Hatyralamak çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi, olaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi. Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys, Garaşsyz hem rowaç Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň we zähmet çekmegiň bähbidine güýç-gaýratymyzy gaýgyrmaýarys.
tdh.gov.tm