2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmengaz»
döwlet
konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen
Arap Emirlikleriniň senagat
we öňdebaryjy
tehnologiýalar
boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli
nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk
ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda
taraplar gaz pudagyndaky
hyzmatdaşlyk
taslamalaryny durmuşa
geçirmek
bilen baglanyşykly
meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş»
gaz käniniň özleşdirilmegi
we Türkmenistan
tarapyndan amala aşyrylýan halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine
ADNOC kompaniýasynyň gatnaşmagy
bilen baglanyşykly
meselelere degilip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC halkara kadalaryna we gaz
pudagynda işleri
alyp barmagyň tejribesine
laýyklykda,
«Türkmengaz»
döwlet
konserni bilen ysnyşykly
aragatnaşyk
saklaýar.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen
duşuşygyň netijeleri
boýunça türkmen
we emirlikler taraplary özara
gatnaşyklaryň şertnama-hukuk
binýadyny
pugtalandyrmak we durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly
aýry-aýry
ykdysady we tehnologiki
jähtlere
garamak boýunça hyzmatdaşlygy
dowam etdirmek isleýändiklerini
tassykladylar.
mfa.gov