Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň
meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.
Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki
döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp
dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we
halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan
dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz
beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň
üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29
ýyllygy bilen gutlady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly
döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara
beslendi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisi üstünlikli geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş
dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri,
bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary
hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän
wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň ýaşuly nesilleri jemgyýetiň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly
wakalara işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň gün
tertibindäki wezipeleri, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny
halka ýetirmekde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini ilerletmekde,
ýaşlary milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemekde Ýaşulular geňeşiniň
agzalarynyň uly goldaw berýändiklerini belledi.
Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Aşgabat
şäheriniň wekili O.Hojatow çykyş etdi.
Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli
durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler
amala aşyrylýar. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de
ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň
ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk beýan edildi. O.Hojatow pursatdan peýdalanyp,
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy, Halkara
Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra Ahal welaýatyndan G.Aýlyýew çykyş edip,
welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny
beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden
etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry işe girizildi. Hormatly
Prezidentimiz welaýatyň ýaşaýjylary üçin 200 sany ýolagçy awtobusyny sowgat
berdi. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty”
diýlip yglan edildi. Ahal welaýatyndan wekil Gahryman Arkadagymyzy “Hakyda
göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen
tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Saud Arabystany
Patyşalygynda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde öňe süren teklipleriniň möhüm
ähmiýetini belledi.
Balkan welaýatyna wekilçilik edýän
Ý.Atamyradow welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Arkadagymyzy
“Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy, Halkara Bitaraplyk güni
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gallaçy daýhanlaryň
armasyny ýetirmegi, sebitiň ýaşaýjylaryna ýolagçy awtobuslarynyň 200-sini
sowgat bermegi, Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we
beýleki möhüm desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen
asylly ýörelgäniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip,
Ý.Atamyradow belledi. Pursatdan peýdalanyp, ol Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Soňra Lebap welaýatyna wekilçilik edýän
E.Talipow çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, şu ýylda ýurdumyzda uly
işler amala aşyryldy. Birnäçe möhüm taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen
Lebap sement zawodyny hem-de beýleki desgalary görkezmek bolar. Pursatdan
peýdalanyp, E.Talipow Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
il-ýurt bähbitli işlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde yhlasyny
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Daşoguz welaýatyndan T.Kurbanmetow Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkymyz baradaky aladasy üçin
welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasy ýüzlerçe çaganyň saglygyny dikeltmäge ägirt uly goşant goşýar. Munuň
özi Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir
hatarda, welaýatda 1 müň 500 hojalyga niýetlenen şäherçäniň gurulmagy asylly
işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. T.Kurbanmetow sözüniň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw
etdi.
Soňra Mary welaýatyndan wekil A.Çaryýew
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň dünýä nusgalyk bolup,
halkymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigini belledi.
Milli Liderimiziň hem-de hormatly
Prezidentimiziň goldaw bermegi bilen, Mary welaýatynda hem dürli maksatly
desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet
Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň Tejen — Mary bölegi ulanylyşa girizildi. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Mary welaýatyndan bolan çagalaryň hem
saglygyny dikeltmäge ýardam edildi. Munuň üçin welaýatyň ýaşaýjylary Gahryman
Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler.
Milli Liderimiz many-mazmunly çykyşlary üçin
hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, türkmenleriň ula hormat goýmagy
başarýan halkdygyny, taryhy müňýyllyklara uzaýan bu sylag-sarpanyň halkymyzyň
ruhy gymmatlyklara uly sarpa goýýandygyny görkezýändigini aýtdy. Bu
gymmatlyklar ýaş nesillere ýetirilýär. Ony mundan beýläk-de üstünlikli alyp
barmakda Ýaşulular geňeşiniň orny uludyr.
Gahryman Arkadagymyz ynsanperwerligiň geňeşiň
çäginde alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugrudygy, türki dilli halklaryň
diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýandygy
barada “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda belländigini aýtdy. Biz
halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gymmatlyklaryna
wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz
öwürmeýäris, däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan el
çekmeýäris diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen milletine mahsus
bolan milli häsiýetleriň iň gowularynyň biri ýaşululary arzylamakdygyny, olaryň
öwüt-ündewini, berýän maslahatlaryny diňlemekdigini nygtap, Milli Liderimiz
“Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda her ýylda ýurdumyzda geçirilýän
Halk Maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap,
akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, belli bir karara gelmek däbiniň
demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň mysalydygyny belländigine ünsi çekdi.
Ýaşuly nesilleri sylamak, eliňden gelse
zyýapat etmek, hiç bolmanda, ýagşy söz bilen göwnüni götermek belent
adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi
ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli däp-dessurlary berjaý etmek,
agzybirligi, asudalygy berkitmek meseleleriniň ähmiýetine ünsi çekip, Gahryman
Arkadagymyz bu asylly kadalaryň dowamat-dowam bolmagynyň türkmen halkynyň
asyrlary nazarlaýan ýoluna ýagtylyk çaýýandygyny, ilimize rysgal-bereket
bagyşlaýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň gün
tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Milli
Liderimiz hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary
watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
***
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de
ýurdumyzda toýlanýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen
daşary ýurtly myhmanlary sylaglamak dabarasy boldy.
Gahryman Arkadagymyz Diýarymyzda toýlaryň
uludan toýlanýandygyny, şu gün bolsa Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda
maslahat geçirilendigini belledi we hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk
mynasybetli gol çeken Permanlaryny okamak üçin, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berdi.
R.Bazarow türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly
adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny
okady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş
toparlardan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup,
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly
adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglamak hakynda gol
çekilen Perman okaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly
Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyz özüne bildirilen hormat
üçin minnetdarlyk bildirip, nusgawy şahyryň adyny göterýän halkara baýrak
hem-de Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly
bilen sylaglap, zähmetine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Halkymyzyň ruhy dünýäsinde Magtymguly Pyraga
we onuň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny belläp, alym Arkadagymyz
Magtymguly adyndaky halkara baýragyň we ýubileý medalynyň gowşurylmagyny
watandaşlarymyzyň özüne bildirýän ynamy, täze, belent sepgitlere ýetmek ugrunda
alnyp barylýan giň gerimli işleriň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul
edýändigini aýtdy. Bu sylaglar halkymyzyň öz beýik ogly Magtymguly Pyraga uly
hormat, belent sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Akyldaryň adyny göterýän
baýragyň hem-de ýubileý medalynyň gowşurylmagy halkymyzyň, geljek nesilleriň,
berkarar Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda güýjüňi gaýgyrman,
ýadawsyz, tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Bu ýerde guralýan dabara hormatly myhmanlaryň
hem gatnaşýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň
Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen köp ýyllardan bäri
dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi. Ol hem, öz gezeginde,
türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar, akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekde uly işler
alyp barýar diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz hormatly Binali
Ýyldyrymy bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen
ady dakmak we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý
medaly bilen sylaglamagyň özi üçin örän ýakymlydygyny aýtdy.
Soňra bu ýerde Türki Döwletleriň Guramasynyň
Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Prezidentiniň
Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen at, şeýle
hem “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen
sylaglanyldy.
Binali Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyzy,
hormatly Prezidentimizi we doganlyk türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni
bilen gutlady. Ol häzirki döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki
ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini
nygtady. Ol Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň
işine goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli künjeklerinde
giň gerimli dabaralaryň geçirilmeginiň hemmeler üçin buýsandyryjydygyny aýtdy.
Aýratyn-da, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň
«Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagynyň we “Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň gowşurylmagynyň ýatdan çykmajak täsirleri
galdyrandygyna ünsi çekip, bu çözgüdiň özüni mundan beýläk-de beýik işleri
bitirmäge borçlandyrýandygyny belledi.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny aýdyp, myhman özüne
bildirilen hormat üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk
bildirdi.
Soňra dabara ýurdumyza gelen ýene-de bir
hormatly myhmany sylaglamak çäresi bilen dowam etdi. Milli Liderimiz
germaniýaly lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Klaus Georg
Parhoferiň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda köp
işleri bitirendigini belledi we onuň lukmanlary taýýarlamakda, döwrebap saglygy
goraýyş edaralaryny gurmakda gymmatly maslahatlaryny berendigini, Magtymguly
Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmekde-de onuň mynasyp goşandynyň bardygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň
Klaus Georg Parhoferi Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hem-de «Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny aýtdy.
Myhman özüne bildirilen hormat üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy boýunça alnyp
barylýan işleriň ýokary baha mynasypdygyny nygtady. Munuň özi ýurtda ynsan
saglygynyň berkidilmegine, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň
edilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň netijesidir. Şeýle
hem ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy boýunça alyp baran işlerine, özara
tejribe alyşmak ugrunda bilelikde edilýän tagallalara bildirilen hormatyň
nyşany bolan “Arkadag” medalynyň we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly
ýubileý medalynyň gowşurylmagyny aýratyn buýsanç bilen kabul edýändigini aýtdy.
Soňra bu ýerde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar bilelikde surata düşdüler.
***
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryny
sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip,
eden işi nusgalyk parasatly gojalarymyzyň, enelerimiziň halkymyzyň
buýsanjydygyny belläp, ýaşlara görelde bolýan ýaşulularymyzyň Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermekde,
halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmekde mynasyp goşant
goşýandyklaryna ünsi çekdi.
Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik,
wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak barada ýerlerde alyp barýan
işleriniň, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleriniň agzybirligimizi
pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala
getirmäge ýardam berýändigini belläp, Milli Liderimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ýaşululary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna»
atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna bu ýokary
sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemgyýetimiziň
öňünde asylly hyzmatlary bitirenler döwlet derejesinde sarpalanylýar. Munuň özi
hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň
berkidilmegine gönükdirilýändigini alamatlandyrýar. Ýokary döwlet sylaglaryny
aýratyn buýsanç duýgusy bilen kabul eden hormatly ýaşulular Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
bilen, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan
bilen sylaglanyldy.
Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly
E.Talipow özlerine bildirilen uly hormat üçin ähli ildeşlerimiziň we dabara
gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize
hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle hem ol halk arasynda watansöýüjilik,
arassa ahlaklylyk ýaly ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmek, ýaşlaryň
watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda yzygiderli
tagalla etjekdiklerine ynandyrdy.
Milli Liderimiz hormatly ýaşululary ýene-de
bir gezek Halkara Bitaraplyk güni hem-de mynasyp bolan sylaglary bilen gutlady
hem-de olara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov