PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmen telekeçileriniň önümleri Seulda sergilendi.

05.07.2023
Card image cap

29-njy iýun — 1-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Koreýa Respublikasynda geçirilen Import harytlaryň XX sergisiniň işine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, dünýäniň 50 döwletinden 150 iri kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara sergide ýokary hilli türkmen önümleri hem görkezildi.

Türkmenistanyň milli powilýonynda türkmen halylary, ekologiýa taýdan arassa dokma önümleri, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri hem-de ýokary hilli egin-eşikler ýerleşdirildi.

Türkmen milli önümleri halkara import harytlaryň sergisine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Bu barada "Turkmenportal" web sahypasynda habar berildi.


Bulary hem okaň