2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Gwatemala
Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Eduardo Enrike Ernandes Resinosyň arasynda
duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
A.Gurbanow
Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň
diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan
etdi.
Duşuşygyň
barşynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy ýurdumyzyň
başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek hakynda
Kararnamasyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gwatemala tarapynyň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän
çärelere gatnaşmagy bilen bagly meselä deglip geçildi.
Taraplar
syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi
barada pikir alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň wajypdygy
bellenildi.
Geljegi
uly bolan birnäçe ugurlardaky gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda halkara guramalarynyň ugry boýunça
netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň
ahyrynda Gwatemalanyň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
mfa.gov