Şu
gün Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler
geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz dostlukly döwlete
resmi sapar bilen geldi.
Şu
gezekki ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele
gelen umumylygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolunda möhüm wakadyr. Taraplaryň
hoşniýetli erk-islegi, bar bolan ägirt uly kuwwaty köpýyllyk özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda,
hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.
Şu
gün ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Türkiýe
Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal
Atatürküň aramgähine (Anytkabir) bardy hem-de bu ýerde gül goýmak çäresine
gatnaşdy.
Bu
özboluşly desga baýryň üstünde ýerleşip, gönüburçluk şekilinde we sütünler
bilen gurşalan görnüşde bina edilipdir. Mawzoleýe tarap «Şir ýoly» diýlip
atlandyrylýan ýoda uzap, onuň iki tarapynda daşdan ýasalan ýolbars şekilleriniň
12-si oturdylypdyr. Desganyň içinde Hormat zaly ýerleşip, onda Mustafa Kemal
Atatürküň aramgähi bar. Şeýle hem ýadygärlik toplumynyň çäginde Dabara
meýdançasy we Parahatçylyk seýilgähi bar.
Atatürküň
aramgähiniň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany türk tarapynyň
resmi adamlary garşyladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň görnükli syýasy we döwlet
işgäriniň baky aram tapan ýerine gül dessesini goýup, bir minutlap dymmak bilen
ony hatyralady.
Mawzoleýiň
çäginde döwlet Baştutanymyz bilen çärä gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata
düşdüler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlar kitabynda
ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Atatürküň aramgähinden
Ankaranyň iň gözel we döwrebap seýilgäh toplumy bolan «Dikmen Wadisinde»
ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähine tarap ugrady. Bu seýilgähde türkmen
edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary
Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylandyr.
Bu
ýerde merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany türk tarapynyň resmi
wekilleri mähirli garşyladylar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine barýan ýoluň
ugrunda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen
mübäreklediler.
Mälim
bolşy ýaly, bu seýilgäh we onuň çäginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň
ýadygärligi 2012-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda dabaraly açylypdy. Şonda
iki dostlukly döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara türkmen-türk
gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, halklarymyzy baglanyşdyrýan
dostlugyň we doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Bu
gün birnäçe asyr geçenden soň hem hiç wagt gymmatyny ýitirmejek umumadamzat
gymmatlyklaryny wasp edýän Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi dünýäniň ähli
künjeginde ýaşaýan adamlaryň ýüreginde düşünişmegi we hoşniýetliligi oýarýar.
Beýik söz ussadynyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilen
goşgulary Türkiýede uly meşhurlyga eýe bolup, bu ýerde onuň goşgular
ýygyndylary, zehinli şahyra bagyşlanan ylmy-barlag işleri neşir edildi.
Döredijilik
mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk, dünýä mirasynyň bolsa aýrylmaz
bölegi hasaplanýan, 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede
giňden belleniljek Magtymguly Pyraga belent sarpa goýmak bilen, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini
goýdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Türkiýäniň Palatalar we biržalar
birleşiginiň merkezi edara binasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiz Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Belent
mertebeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz,
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu
hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr mähirli garşyladylar.
Türkiýäniň
Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň wekilleri bilen
bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi bilen tanyşdy.
Sergide
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda Türkiýäniň Palatalar we biržalar
birleşiginiň merkezi edarasyna baryp gören wagtynda düşürilen fotosuratlar
görkezildi. Şol wagt Gahryman Arkadagymyza bu birleşigiň ýanynda döredilen
Ykdysadyýet we tehnologiýalar uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak
dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu fotosuratlar türkmen-türk
hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman taryhyna özboluşly syýahatdyr.
Şeýle
hem sergide dokma senagaty kärhanalarynyň önümleri: çagalar we ulular üçin
egin-eşikleriň, matalaryň dürli görnüşleri, sowgatlyk toplumlar, ajaýyp türkmen
el halylary, ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleri görkezildi.
Forumyň
öň ýanynda çaý başynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türk tarapynyň wekilleri ýyl-ýyldan hil
taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly
häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkiýäniň
Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu belent
mertebeli myhmana işewürlik forumyna gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, türk
hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň Baştutany bilen duşuşygy uly ruhubelentlik bilen
kabul edendiklerini nygtady. Şunda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň
mümkinçilikleri açýan möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň başyny
başlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine uly goşant goşandygy aýratyn bellenildi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkiýäniň işewür düzümleri üçin Türkmenistanda iş alyp barmak uly
hormatdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza türk kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge
hem-de tutuşlygyna ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän
hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Soňra
Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkiýäniň
Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu ýygnananlara
ýüzlenip, şu gezekki işewürlik duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň
gatnaşmagynyň özi we ähli kärdeşleri üçin uly mertebedigini aýdyp, ilki bilen,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, şu günki
işewürlik maslahatynyň guralandygy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar
birleşigine, Daşary ykdysady gatnaşyklar guramasyna minnetdarlyk bildirdi we
yzygiderli geçirilýän şeýle duşuşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň
ugurlarynyňdyr mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu duşuşykda hem netijeli
gepleşikleri dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyp, onuň dowamynda
ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek
bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir
alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
işewürlik maslahatyna gatnaşýandyklary üçin türkiýeli hyzmatdaşlara
minnetdarlyk bildirip, ýygnananlaryň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda
ýurdumyzda netijeli işleri alyp baran kompaniýalaryň wekilleriniň hem bardygyny
belledi.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we iri ýüzlerçe
taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, häzirki
tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda
giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar
innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý
tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyz agzalan
taslamalary, aýratyn-da, döwrebap «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda bina
ediljek «Aşgabat-siti» konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat
klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana
çagyrdy.
Türkmenistan
daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet
berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we
infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup
durýar. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki maýa
goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi
teklip etdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz türk maýadarlarynyň,
senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek
maksady bilen, Türkiýäniň käbir iri banklarynyň Türkmenistanda şahamçalaryny
açmak meselesine seretmek barada aýtdy.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklarda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen
energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň
Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän,
üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde
tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara
hereketlere açykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
nygtady.
Ulag-kommunikasiýa
pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň
ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň
gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky
täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ulag
edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda
iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi. Şunuň bilen birlikde,
ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we
sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag edaralarynyň, hususy
ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika
merkezini döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Oba
hojalygyny ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, hormatly
Prezidentimiz biziň esasy wezipämiziň ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün
etmekden we bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybaratdygyny
belledi. Şonuň üçin-de Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp
mukdarda maýa goýlup, onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze
tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek we tejribe alyşmak boýunça teklibini öňe sürdi. Türkmenistan bu
ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola
goýmaga taýýardyr.
Çykyşynyň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu gün tutuş dünýäniň
howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny
nygtady. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar.
Ýurdumyz suw üpjünçilik hem-de suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy
meýilleşdirmek bilen, bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlyga
ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini
rejeli ulanmak we suw tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli
hyzmatdaşlygy ýola goýmagy baş wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunda anyk
taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň hem-de ýan kanallarynyň
infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi bellenildi. Bu ugurlarda
degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýarlyk
beýan edildi.
Senagat
pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri
tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak
hem-de ösdürmek boýunça Türkmenistanda degişli işler geçirilýär. Şular barada
durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman
şertlerinde ykdysadyýetiň ösmeginde ylym we tehnikanyň ornunyň gün-günden
ýokarlanýandygyny nygtady. Şunlukda, ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi,
döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar. Şu derwaýys wezipeden ugur
alyp, döwlet Baştutanymyz ylym-tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip
etdi. Munuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşen
kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur hasaplanýar. Bu
ugurlarda bilelikdäki işleri alyp barmaga türkmen tarapy taýýardyr.
Umuman,
türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä
çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran uly wezipeler we
hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz iki tarap üçin hem
bähbitli bolan netijeli pikirleri we teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge
taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de
ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen
çemeleşjekdiklerine ynam bildirdi. Ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 —
8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň
sergisiniň çäklerinde-de dowam etdirip boljakdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz
nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.
Duşuşygyň
ýokary derejede guralandygy we onda çykyş etmäge mümkinçilik döredilendigi üçin
ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de ýygnananlaryň ählisinde
uly gyzyklanma döretdi.
Soňra
çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz şu günki
işewürlik forumyna Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynyň
ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, onuň geriminiň
giňeldilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
Türkiýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzda dürli ulgamlarda, şol sanda
energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika pudaklarynda amala aşyrylýan giň
gerimli düzümleýin taslamalara, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň
gurluşygyna, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga ýokary gyzyklanma
bildirýändikleri bellenildi.
Jenap
Jewdet Ýylmaz many-mazmunly çykyşy hem-de türkiýeli işewürleri geljekde-de
bilelikde işlemäge çagyrandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gün
geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Türkiýäniň
wise-prezidenti döwlet Baştutanlarynyň Ankarada boljak duşuşygynyň
netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam
etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimize asylly işlerinde täze
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr
çykyş edip, şu gezekki işewürlik forumyna gatnaşandygy we mazmunly çykyşy üçin
Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Çykyşda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilip, anyk
teklipler beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen
däp bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi üçin giň
mümkinçilikleri açýan toplumlaýyn ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegine
uly ähmiýet berilýär.
Türkiýäniň
Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, öz gezeginde,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen-türk hyzmatdaşlygyny
ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä ýetirmäge berýän ünsi üçin çuňňur
hoşallyk bildirdi. Şunda dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň Türkmenistanda
ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine,
bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri
bellenildi.
Türkiýeli
hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge,
ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygy
«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet
Çalygyň çykyşynda hem tassyklanyldy.
Forumyň
açylyş dabarasynyň ahyrynda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň
başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Ankarada geçirilýän bilelikdäki işewürlik
duşuşygyna gatnaşandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli gatnaşyjylaryň adyndan iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Soňra
Türkmen-türk işewürlik maslahaty iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik
düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we
uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe
süren tekliplerinden ugur alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň
jemleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli ulgamlarda, şol
sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty
pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol
çekildi.
Günüň
ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Türkiýe
Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna — «Aksaraý» köşgüne barýar. Bu
ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.
Köşgüň
öňündäki meýdançada iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormat garawulynyň
atly esgerleriniň ugratmagynda döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy «Aksaraý»
köşgüne tarap ugraýar.
Merkezi
girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident Rejep
Taýyp Ärdogan mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite
taýýarlanan ýere geçýärler.
Saz
orkestriniň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň
Döwlet senalary ýaňlanyp, Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat
berýär. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan iki ýurduň Döwlet
baýdaklarynyň öňünde baş egip, Hormat garawulynyň öňünden geçýärler.
Dostlukly
döwletiň Baştutany belent mertebeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň resmi
wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň
agzalary bilen tanyşdyrýar.
Iki
ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra,
Türkiýe Respublikasynyň Baştutany belent mertebeli myhmany «Aksaraý» köşgüne
çagyrýar. Bu ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli
mübärekläp, öz ýurdunda Türkmenistanyň Baştutanynyň şu gezekki saparyna mizemez
dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara dialogyň taryhyndaky möhüm
waka hökmünde garalýandygyny nygtady.
Türk
Lideri Türkiýäniň ýurdumyz bilen giň möçberli strategik hyzmatdaşlyga
ygrarlydygyny tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
üstünlikli ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandyny belledi hem-de Gahryman
Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen
gelmek baradaky çakylygy hem-de görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin, şeýle
hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi ugrundaky uly tagallalary üçin Prezident Rejep
Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz
pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk Liderine mähirli salamyny
we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe
Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda netijeli boljakdygyna
ynanýandygyny belledi. Bu gezekki saparyň Türkiýe Respublikasynyň
döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek gününiň öňüsyrasynda
bolmagynyň uly many-mazmuna eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz Prezident
Rejep Taýyp Ärdogany bu şanly baýram bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk,
doganlyk türk halkyna bolsa täze ýüzýyllykda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýän
gatnaşyklarymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we talaplaryny hasaba almak bilen,
yzygiderli, ulgamlaýyn esasda berkidilýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň
halkara syýasatda ysnyşykly gatnaşyk saklaýandygyny bellemek gerek.
Döwletlerimiz işjeň sebit we halkara meselelerde köp babatda birmeňzeş ýa-da
biri-birine ýakyn garaýyşlary beýan edýärler. Türkiýe Respublikasy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar etmek bilen, onuň halkara
işlere işjeň goşulyşmagy, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk derejesiniň dünýä ýüzünde
kabul edilmegi we pugtalanmagy babatda ýardam etdi. Türkmenistan hem halkara
bileleşik tarapyndan Türkiýäniň teklipleri esasynda kabul edilýän dürli
başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar.
Biziň
ýurtlarymyz söwda-ykdysady ugurda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy
alyp barýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
gatnaşyklaryň ileri tutulýan bu ulgamyny, hususan-da, energetika, ulag, maýa
goýumlar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary mundan beýläk-de ösdürmäge,
hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işe girizmäge, söwda dolanyşygyny deňagramly
görnüşde ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan etdi.
Medeni-ynsanperwer
ugurda netijeli özara hereketleriň bardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz
halklarymyzyň bilelikdäki medeni mirasynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we
asylly däp-dessurlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk
binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. Türkmenistan bu gatnaşyklary,
ylaýta-da, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda mundan
beýläk-de ösdürmegi we täze derejä çykarmagy ugur edinýär. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna
ilkinji resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek
hem-de onuň geljekde okgunly ösdürilmegi babatda täze mümkinçilikleri
açjakdygyna ýene-de bir gezek ynam bildirdi.
Özara
düşünişmek we oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň
Baştutanlary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir
alyşdylar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan
hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyryndaky hem-de geljekki meýilnamalar bilen
baglanyşykly möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly
mümkinçiliklerini doly herekete getirmek arkaly netijeli gatnaşyklary
çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmany tassykladylar. Duşuşygyň
çäklerinde taraplar gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe
möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.
Soňra
sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny
sowgat berdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň
dowamynda halkymyzyň wepaly dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy,
kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz
bölegidir.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan köpasyrlyk türkmen-türk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň
özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Pursatdan
peýdalanyp, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogan hem hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp
güjüjegi sowgat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz sowgat üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sowgada
mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.
Soňra
gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda
giňeldilen düzümde dowam etdi.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we
Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli
mübärekläp, dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerde
okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly,
onuň ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem uly
goşandy bardyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döredijilikli içeri we daşary syýasatynda öz
mynasyp dowamyny tapýar.
Türkiýe
Respublikasynyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şu günki ýokary derejedäki
gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini
tassyklaýar. Bu gepleşikleriň gün tertibine özara gatnaşyklaryň meseleleriniň
giň toplumy girizildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen
gelmäge çakylyk hem-de görkezilen mähirli myhmansöýerlik we döredilen amatly
şertler üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirip, ýene-de
birnäçe günden belleniljek Türkiýäniň milli baýramy — Respublikanyň
döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de
türk kärdeşine, doganlyk ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdyp, ýurtlarymyzyň
Birleşen Milletler Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Türki
Döwletleriň Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki
düzümlerde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Türkmenistan we
Türkiýe halkara syýasatyň möhüm meseleleri babatda birmeňzeş ýa-da ýakyn
garaýyşlary beýan etmek bilen, dünýä ösüşiniň gaýragoýulmasyz ugurlary boýunça
birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldamak arkaly hyzmatdaşlygyň uly
tejribesini topladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Birleşen Milletler
Guramasynyň aýratyn ornuny nygtady hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Milletler Bileleşiginiň kadalarynyň we
ýörelgeleriniň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky
başlangyç bilen çykyş edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, birinjiden,
dawaly ýagdaýlara, hususan-da, ýüze çykyp başlan tapgyrynda olara ýol bermezlik
üçin öňüni alyş çäresini ulanmak; ikinjiden, Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden
doly peýdalanmak; üçünjiden, ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini
dikeltmek möhüm bolup durýar. Bu teklibi iş ýüzünde amala aşyrmakda
Türkmenistan türk tarapynyň hem goldawyna garaşýar.
Döwlet
Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine geçip, bu babatda iki
ýurduň giň mümkinçiliklere eýedigini belledi hem-de söwda, energetika,
ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tilsimatlar, önümçilik
kooperasiýasy, telekeçilik gatnaşyklary we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy
has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu babatda türkmen tarapy öňümizdäki
döwürde gatnaşyklary giňeltmäge we anyk taslamalar bilen baýlaşdyrmaga
taýýardyr.
Hormatly
Prezidentimiz energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iki ýurt üçin hem
bähbitlidigini, munuň üçin zerur şertnama-hukuk binýadynyň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň
Türkiýä iberilmegi ugrunda bilelikde işlemek meselesine seretmek teklip edildi.
Şunda türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlaryň çäklerinden üstaşyr
geçirmek arkaly Türkiýä ibermek meselesine seretmek teklip edilýär. Şeýlelikde,
ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1574 megawata deň
bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň başlamagy bilen, bu babatda
mümkinçilikler dörär. Biz bu taslamany hem türk doganlarymyz bilen bilelikde
durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýene
birnäçe günden Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda möhüm halkara ähmiýete eýe bolan
bu energetika desgasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler.
Ulag
we logistika pudagy bilelikdäki işlerimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu
pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulag ýollarynyň we geçelgeleriniň
mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Biziň pikirimizçe,
Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Merkezi Aziýa —
Ýakyn Gündogar, şeýle hem Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleri giň
mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň infrastruktura
mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak mümkindir diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda Türkiýe bilen
hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtap, däp bolan esasy ugurlar
bilen bir hatarda, maýa goýumlar, gaz we himiýa senagaty, obasenagat toplumy,
daşky gurşawy goramak, täze tilsimatlar, syýahatçylyk, işewürlik gatnaşyklary
babatda we beýleki möhüm pudaklarda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Häzirki döwürde Türkmenistanda dürli
senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli iri taslamalaryň
amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Olar innowasiýalara we ýokary
tehnologiýalara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri,
ussatlygy talap edýär.
Medeniýet,
ylym, bilim we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlyga-da uly orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, halklarymyzyň umumy medeni
mirasynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we birmeňzeş däp-dessurlarynyň
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini
ýene-de bir gezek nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep
Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge
çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Döwlet
Baştutanymyz köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, türk kärdeşine berk jan saglyk,
bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde täze döwürde-de uly üstünlikleri,
Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş
arzuw etdi.
Giňeldilen
düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň
gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Hususan-da,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar
birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň
forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
audio-wideo önümlerini bilelikde öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe
Respublikasynyň Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek we goldaw bermek baradaky
guramasynyň arasynda Hereketleriň meýilnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň
Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda
hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki
düzgünleşdiriş, standartlaşdyrmak, laýyklyga baha bermek, akkreditirlemek we
metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkiýe
Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet arhiw müdirliginiň arasynda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýe
Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň arasynda
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe
Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw
bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň
arasynda ulag we maglumat tehnologiýalarynda ylmy-barlag işleri babatda
hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak
we ösümlikleriň karantini hakynda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda
hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024 — 2026-njy ýyllarda ýaşlar
syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasyna; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda meteorologiýa
babatda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna gol çekildi.
Resminamalara
gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş
etdiler.
Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini
Ankarada kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki
saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe
Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygy bellenildi.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdoganyň nygtaýşy ýaly, dilimiziň, taryhymyzyň, medeniýetimiziň
umumylygyna hem-de özara bähbitlere, deňhukuklylyga esaslanýan ikitaraplaýyn
gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Bu günki geçirilen gepleşiklerde döwletara
hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag,
söwda, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, ýaşlar we sport syýasaty, arhiw
işi, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlaryna degişli birnäçe
resminamalara gol çekildi.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak
bilen, dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär
diýip, türk Lideri aýtdy.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan gepleşikleriň gün tertibine girizilen meseleler boýunça
taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň
Guramasynda synçy derejesine eýe bolmagynyň türk hyzmatdaşlary
guwandyrýandygyny nygtady.
Gepleşikleriň
dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun berildi. Türk kompaniýalarynyň
Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy yzygiderli ösdürilýän
hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Şu günki geçirilen Türkmen-türk işewürlik
maslahaty hem bu ugurdaky gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine täze itergi bermäge
gönükdirilendir diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belledi.
Türkiýe
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet hökmünde hormatly
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary
bilen Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine guwanýar diýip,
dostlukly döwletiň Baştutany nygtady.
Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine hem-de
wekiliýet agzalaryna netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen şu günki
duşuşygyň netijelerini beýan etmek bilen, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz
adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan ýene-de birnäçe günden
bellenilip geçiljek Türkiýäniň milli baýramy — Respublikanyň 100 ýyllyk
ýubileýi bilen türk tarapyny tüýs ýürekden gutlady we abadançylyk arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdoganyň çakylygy boýunça Türkiýä amala aşyrylýan saparyň çäklerinde şu gün
geçirilen gepleşikler dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda örän netijeli
häsiýete eýe boldy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler
boýunça pikir alşyldy. Dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk
ýörelgelerine esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga özara taýýarlyk
tassyklanyldy.
Duşuşyklaryň
dowamynda sebit we halkara syýasatyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýän
meselelere, hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara
gatnaşyklaryň ynsanperwer häsiýetiniň ýokarlandyrylmagy ýaly mowzuklara üns berdik
diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda,
bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklar babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Gepleşiklerde iki ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigi
bellenildi, şeýle hem bu ugurda bar bolan uly mümkinçilikler, olary herekete
geçirmegiň ýollary barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, türkmen tebigy
gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä
iberilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň arasynda
söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň
möhüm orny tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ulag
geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ulag
geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara
bähbitli boljakdygy nygtaldy. Ulag pudagynda bilelikdäki hereketleriň has netijeliligini
üpjün etmek üçin zerur işleri amala aşyrmak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle
hem senagatyň dürli pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek,
hususan-da, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalara türk
kompaniýalarynyň gatnaşmaklary bilen bagly meselelere garaldy.
Duşuşykda
doganlyk halklarymyzyň umumy medeni mirasynyň we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň
özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat
edýändigi aýratyn bellenip geçildi. Şundan ugur alyp, köpasyrlyk gatnaşyklary
gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin medeniýet, bilim, ylym, saglygy
goraýyş we sport ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
çuňlaşdyrmaga taýýardygymyz mälim edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gepleşikleriň
netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň
has-da ösmegine ýardam berjek möhüm resminamalara gol çekildi. Olar döwletara
gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekillerine ýüzlenmesiniň ahyrynda gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen
resminamalaryň köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de
ösdürilmegine täze itergi berjekdigine hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň
bähbitlerine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.
Metbugat
maslahaty tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentleri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata
düşdüler.
Belent
mertebeli myhmanyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk
naharyny berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp
Ärdogan Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardylar. Munuň özi
döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we ynanyşmak häsiýetine eýediginiň
aýdyň beýany boldy.
Howa
menzilinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlary
geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, birek-birek bilen
mähirli hoşlaşdylar hem-de iki doganlyk halka rowaçlyk, abadançylyk baradaky
arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe
sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde
gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Şeýle
hem bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä resmi saparynyň
üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şunda Ankarada geçirilen ýokary derejedäki
duşuşygyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklara, taraplaryň hoşmeýilli
erkine hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy
hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda täze, möhüm ädimi
alamatlandyrjakdygyna ynam bildirildi.
***
Hormatly
Prezidentimiziň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet
wekiliýetiniň agzalary türk kärdeşleri bilen Ankarada ikitaraplaýyn duşuşyklary
geçirdiler. Olarda söwda-ykdysady ulgamy, senagat, şol sanda dokma senagaty,
energetika, gurluşyk pudagy, ulag we kommunikasiýa, öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak, telekeçilik ulgamy boýunça gatnaşyklarda we beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer ulgamda, şol
sanda bilim, ylym, medeniýet, arhiw işi, saglygy goraýyş, ekologiýa we daşky
gurşawy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlarynda däp bolan
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy.
Duşuşyklaryň
barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy. Şunda
gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde, işewürlik
gatnaşyklarynyň utgaşdyrylmagynda, dürli ugurlarda özara bähbitli hereketleri
ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň
möhüm ähmiýeti bellenildi.
Ankarada
ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde
bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.
Bilim
ulgamy türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, umuman, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýaşlarymyza daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary
we dürli hünärleri öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky
däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hemişe ýokary derejede
geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine girizilýär.
Talyplar
özleri baradaky alada jogap edip, saýlap alan hünärlerini ele almak, ýokary
derejeli hünärmenler bolup ýetişmek, okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra alan
bilimlerini iş tejribesinde üstünlikli ulanmak, Watanymyzyň gülläp ösmegine,
onuň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we türk
halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga mynasyp
goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Duşuşygyň
dowamynda talyplara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty»
atly kitaby gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu edebi-filosofik eseri
türkmenistanlylar, hususan-da, ýaş nesil üçin durmuşda we işde ruhy gollanma
bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryna
ýetmäge ruhlandyrýar.
tdh.gov