PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

«EKSPO ─ 2023» halkara sergisi açyldy

03.10.2023
Card image cap

Kataryň paýtagty Dohada «Ekspo 2023» halkara bagbançylyk sergisi açyldy. «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» atly şygary bilen geçirilýän sergide Türkmenistanyň milli pawilýony hem bar. Açylyş dabarasyna Kataryň Emiri Tamim ibn Hamad Al Tani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ibn Zaid Al Nahaýýan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Jibutiniň Prezidenti Ismail Omar Gelle, Tanzaniýanyň Prezidenti Samiýa Suluhu Hassan, Yragyň hökümet başlygy Muhammed Şia As-Sudani, Ýemeniň hökümet başlygy Main Abdel Malik, Ruandanyň hökümet başlygy Eduar Ngirente we beýleki birnäçe ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Bu ýerde çykyş eden Kataryň hökümet başlygy Muhammed ibn Abdurrahman ibn Jasim Al Sani serginiň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikdigini aýtdy.

                                                                                                                                                                                                                                                        zamanturkmenistan.gov.tm


Bulary hem okaň