2024-nji ýylyň 16-20-nji oktýabry
aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
rektory B.Atamanowyň Hytaý Halk Respublikasyna sapary geçirildi.
Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň düzüminde ýerleşýän Türkmen-hytaý energetika okuw
merkezini açmak we bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
2024-nji 18-nji oktýabrynda Lu Ban
ussahanasyny döretmek hakynda «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki
uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim
ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama» gol çekildi.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Sian
uniwersitetinde okaýan talyplar bilen duşuşdy.
mfa.gov