2023-nji
ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow
Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy,
Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýyň
ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk
Respublikasynyň wekiliýeti bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý
hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň geriminiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşdylar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň söhbetdeşlikleriniň, hem-de
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji forumyna gatnaşmak üçin
şu ýylyň oktýabr aýynda HHR-na bolan saparynyň dowamyndaky gepleşiklerde
gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirlişi
barada pikir alyşdylar.
Ministr
bu günki gün hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý
gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça uly depginde ösýär, munuň esasy faktory
bolup iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynamly we dostlukly dialoglary çykyş edýär
diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutanlary derejesindäki ýokary
derejeli işjeň gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan bu ýana hem
pugtalandyrylmagyna, şol bir wagtda iki ýurduň sebitara arabaglanşygyny
ösdürmäge uly itergi berýär.
Duşuşykda
söwda-ykdysady arabaglanşygyny giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler
bilim, ylym, medeni alyş-çalyş we Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmek
ugrundaky üstünlikli özara gatnaşyklara üns bermek arkaly, medeni we
ynsanperwer ugurlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy
babatda bir pikirde boldular. Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň ýaşlarynyň
arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen
baglylykda, şu günler ýurdumyzyň Mary şäherinde şu ýylyň maý aýynda Sian
şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Hytaý» formatdaky döwlet baştutanlarynyň
sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlary üçin «Beýik Ýüpek ýolunyň täze döwri» atly
Ýaşlar forumy geçirilýär.
Sebitara
gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäklerinde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň
Sinzýan-Uýgur awtonom raýony bilen oba hojalygy, söwda, energetika,
lukmançylyk, bilim, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň
ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.
mfa.gov