2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar
bilen gelen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) köp
ýurtly edarasynyň direktory Freýa fon Grooteniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda özara gyzyklanma
bildirilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar,
şeýle hem halkara taslamalaryna hyzmat etmegiň çäginde UNOPS bilen netijeli
hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Taraplar
saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak we «ýaşyl» energetika, şeýle hem
hünärmenleriň hünär taýýarlygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň meselelerini
ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy
ekologiýa, infrastruktura, energetika, oba hojalygy, sanly ulgama geçiş, şeýle
hem ýer we suw serişdelerini rejeli dolandyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy has
giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Duşuşygyň
netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat etmek
baradaky müdirliginiň (UNOPS) arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol
çekmek dabarasy geçirildi.
mfa.gov