2023-nji
ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary
Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa
bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem
möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça, esasan hem söwda we ykdysady
hyzmatdaşlyk, ulag aragatnaşygy, energetika we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň
geljegi barada pikir alşyldy.
Taraplaryň «Ýewropa
Bileleşigi - Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk formatynyň çägindäki netijeli işleri
babatynda hem bellenildi.
mfa.gov