Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň
Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly
ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda
hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Aýlagdaky arap döwletleriniň
hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala
aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa
geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.
Saud
Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri özüniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysy
edilip bellenilendigini habar berdi. Bu toparyň işi baradaky meseläniň üstünde
durup geçip, türkmen tarapynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň döwletleri bilen bir
hatarda, türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini
belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary öňe ilerletmegiň esasy gurallarynyň biri
bolan Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud
toparynyň 7-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň
zerurdygyny nygtady.
Şunuň
bilen baglylykda, saud tarapy şu ýylyň dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda
Halkara ykdysady forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyp, türkmen
tarapyny hormatly myhman hökmünde bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy we şol
forumyň yzysüre hökümetara toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmegi teklip
etdi. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin ýakyn wagtda saud
wekiliýetiniň Türkmenistana sapar bilen iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi
habar berildi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Saud ösüş gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, maýa goýum
serişdelerini gönükdirmek bilen baglanyşykly meselelere-de deglip geçildi.
tdh.gov