2023-nji
ýylyň 6-njy noýabrynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky
ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Ş.Papuaşwili bilen
duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
barşynda iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary
pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi, ulgamlaýyn esasda
alnyp barylýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup
durýar. Şeýle hem taraplar geljegi uly bolan söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk,
energetika we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp
maslahatlaşdylar.
Taraplar
syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygy
barada umumy pikiri beýan etdiler. Şunuň bilen bilelikde, iki ýurduň we olaryň
halklarynyň arasynda özara düşünişmek we oňyn dostluk gatnaşyklaryny ilerletmek
boýunça möhüm gural bolup hyzmat edýän Parlamentara dostluk toparlarynyň
hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmeklige aýratyn ähmiýet berildi.
Söhbetdeşler
Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak meselesini
hem ara alyp maslahatlaşdylar.
mfa.gov